Balkan welaýatynyň pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamasyny doly berjaý etdi

Balkan welaýatynyň pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamasyny doly berjaý etdi

Türkmenistanda Hasyl toýunyň giňden bellenilýän günlerinde Balkan welaýatynyň daýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýurtda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Olar 16 müň tonnadan gowrak ak altyny Watan harmanyna tabşyrdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, munuň özi Gahryman Arkadagyň oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentiň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Balkan welaýatynyň edermen pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi ýurtda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, daýhanlaryň netijeli we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin amatly şertleri döretmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Ýurduň günbatar sebitiniň edermen pagtaçylarynyň bu zähmet ýeňşi türkmen topragynyň sahawatyny, daýhanlaryň halal zähmete bolan söýgüsini alamatlandyrýan Hasyl toýuna mynasyp sowgat boldy diýip, çeşme belleýär.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
Hasyl toýy rysgal bereketiň toýy
11-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistan hasyl toýuny belledi, daýhanlar döwlete ýene bergili galdy