Balkan welaýatynyň migrasiýa gulluklary prokuratura tarapyndan barlanýar

Balkan welaýatynyň migrasiýa gulluklary prokuratura tarapyndan barlanýar

Balkan welaýatynyň Migrasiýa edaralarynda barlaglar geçirilýär. Bu barada maglumat berýän Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri barlagy Aşgabatdan baran prokuratura işgärleriniň geçirýändigini aýdýarlar.

"Balkan welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäher migrasiýa şahamçalarynda Aşgabatdan Baş prokuraturanyň işgärleri tarapyndan derňew işleri başlandy" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli döwlet edaralardaky çeşmeleriň birnäçesine salgylanyp, 9-njy martda habar berdi.

Prokuraturanyň migrasiýa gulluklaryny näme esasda derňeýändigini we nähili problemalaryň üstüni açmaga synanyşýandygyny resmi taýdan anyklap bolmady.

Habarçymyz, ýerli çeşmelere salgylanyp, barlaglaryň soňky aýyň dowamynda biometrik pasport almakdaky kynçylyklar we munuň bilen bagly para hem býurokratik päsgelçilikler barada metbugatda, şol sanda Azatlyk Radiosynda berlen habarlar bilen baglydygyny aýdýar.

Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerindäki barlaglar ýerli migrasiýa gulluklarynyň raýatlara biometriki pasport bermegi bes edendigi baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

Fewral aýynyň ortalarynda Döwlet Migrasiýa Gullugynyň raýatlara biometriki pasport bermegi wagtlaýynça bes edendigi mälim boldy. Azatlygyň Migrasiýa gullugynyň Balkan welaýatyna degişli bölümlerdäki çeşmeleri, munyň ýokardan we dilden berlen tabşyryk bolup, bu barada resmi kararyň ýokdugyny mälim etdiler. "Biometriki pasport almak üçin nobatlary ýeten raýatlara býurokratiki päsgelçilikleri döretmek dilden tabşyryldy" diýip, migrasiýa gullugynyň işgäri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň sözlerine görä, özlerine dilden edilen görkezmelerde şeýle kararyň sebäpleri dünýädäki dartgynlyk we durnuksyz ýagdaý bilen baglanyşyklydygy aýdylypdyr.

Şol wagt aralygynda, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri pasportlaryň berilmeginiň wagtlaýyn bes edilendigini tassyklap, munuň esasy sebäpleriniň birini täze pasport üçin blanklaryň gutarandygy bilen düşündiripdi.

Şeýle-de bolsa, päsgelçiliklerden para berip geçip bolýandygy anyklanypdy. Habarçylar 300 dollar möçberinde para bilen biometriki pasport taýýarlap bolýandygyny, emma parany bermek üçin oňat tanyş tapmaly bolýandygyny habar beripdi.

Şu günki gün migrasiýa gullugyndaky barlaglardan ygtybarly çeşmeler welaýat migrasiýa gulluklarynda pasport taýýarlamak işiniň göni Aşgabada garaşly bolup durýandygyny, munuň para meselesine-de degişlidigine ünsi çekýärler.

"Esasy migrasiýa edarasyndaky islendik paranyň gönüden-göni Aşgabatdaky merkezi edara bilen bagly bolup, ýönekeý ofiserler depedäki başlygyň rugsady bolmazdan ýekeje zagran pasport berip bilmeýändigi görnüp duran zat" diýip, Azatlyk bilen anonim gürleşen çeşme aýdýar.

Resmi taýdan tassyklanmadyk ýa-da ret edilmedik bu ýagdaýlar Türkmenistandan gitmek üçin biometrik pasport almak isleýän raýatlaryň sanynyň köpelen döwründe ýüze çykdy. Türkmenistanyň daşyna gidýän raýatlaryň sany koronawirus pandemiýasy wagtynda wagtlaýynça azalypdy. Türkmenistandaky agyr işsizlik, parahorluk raýatlary gazanç üçin daşary ýurtlara girmäge mejbur edýär.

Türkmenistanyň hökümeti halkyň durmuş derejesiniň agyrlaşmagyna sebäp bolýan ykdysady problemalaryň we migrasiýa meselesiniň bardygyny resmi taýdan boýun almaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Çeşme: Aliment töläp bilmeýänleriň üstünden ýazylan arzalar rekord derejä ýetdi
Saraýewoda bomba howsalasy başdan geçirilýär
Polşada Russiýa üçin içalylyk eden bir adam göz tussaglygyna alyndy
Meksikada terk edilen ýük ulagynyň içinde 343 immigrant tapyldy
Aňzakda mallar gyrylýar, dag gerişlerindäki gar göçüşi zerarly müňlerçe goýun-geçi heläk boldy
Lebapda ilat gaz üpjünçiliginden nägile bolup, prokuratura şikaýat bilen ýüzlendi