Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitindäki konsuly Gadam Ilamanow Astrahan sebitiniň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen duşuşdy. Duşuşykda Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradowyň Astrahan sebitine amala aşyrjak saparyna taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada nCa internet neşiri habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen konsuly G.Ilamanow täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we hususy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda 2025-nji ýylda Türkmen-Astrahan işewürler forumyny geçirmekligi teklip etdi.
Çeşmäniň bellemegine görä, taraplar geljekde bu forumyň geçiriljek wagty we gün tertibi boýunça ara alyp maslahatlaşmalary geçirmeklik barada ylalaşdylar.