Balkan welaýatynda azyndan üç mekdebi göçýän çägeleriň basmak howpy abanýar diýip, Azatlyk radiosy habar berýär.
Balkan welaýatynyň Bereket we Serdar etraplarynyň käbir ýaşaýjylarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, agzalýan etraplaryň Düwünçi obasyndaky 12-nji orta mekdebe, Ýasga obasyndaky 9-njy mekdebe we Ýylgynly obasyndaky 2-nji mekdebe barmak gün-günden kynlaşýar.
“Obanyň çetindäki ak alaňlar sähel ýel tursa, ýeliň ugruna tarap süýşýär. Syrgyn zerarly obanyň mekdebinem gum basyp barýar. Mekdebiň dört tarapynam, oňa barýan awtoulag ýollarynam gum basdy. Mekdebe çagalary eltmek barha kynlaşýar” diýip, Ýylgynly obasynyň howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran ýaşaýjysy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, mundan 15 ýyl çemesi öň Ýylgynly obasyny, ol ýerdäki ýaşaýyş jaýlaryny göçýän çägeleriň basmagy netijesinde, obadaky azyndan 80 hojalyk 3 kilometr çemesi demirgazyga göçmeli bolupdyr.
Obalylaryň sözüne görä, eger-de töwerek-daşdan sowrulýan tozanly ýeliň badyny saklajak, obany çölüň süýşýän çägesinden gorajak ýörite agaç nahallary ekilmese we obanyň daşynda bolmaly gorag zolagy döredilmese, onda uzaga gitse ýene 6-7 ýyldan obalylaryň täze mesgen tutan ýurtlaryny, ýerlerini hem çägäň basjagy ikuçsuz.
Azatlyk Radiosy, hususan-da, maý-noýabr aýlary aralygynda paýtagtyň Çoganly sebitindäki we Aşgabat-Daşoguz ýolunyň käbir sebitlerinde çägäniň gara ýollara ýa-da dürli desgalara süýşüp gelýändigini habar berlipdi.
Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda obalary “gülläp-ösdürmek” üçin diýip, Oba maksatnamasyny kabul etdi. Türkmen döwlet media serişdeleri bu maksatnama esasynda ýurduň dürli künjeginde täze-täze obalaryň we öňden bar obalarda mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeniýet öýleriniň we sport mekdepleriniň gurulýandygyny ýygy-ýygydan habar berýärler.
Şol bir wagtyň özünde, umumy tutýan territoriýasynyň 80%-den gowragyny çöl eýeleýän Türkmenistanda çägeleriň süýşmegi tebigy ýagdaý bolsa-da, onuň öňüni almak üçin döwlet tarapyndan ýeterlik derejede alada edilmeýändigini käbir ýerli synçylar we ýaşaýjylar aýdýarlar.