Balkan welaýatynda önüm bermeýän gara altynly guýular abatlanýar

Balkan welaýatynda önüm bermeýän gara altynly guýular abatlanýar

Ýer jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda Türkmennebit döwlet konserniniň Nebitgazdüýpliabatlaýyş trestiniň welaýatdaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda trestiň düzümindäki Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýaly müdirlikler boýunça şu ýylyň başyndan bäri goşmaça alnan gara altynyň möçberi 176 müň tonna golaýlady.

Bu görkeziji geçen on aýyň meýilnamasynyň 12 müň 948 tonna artygy bilen berjaý edilendiginden habar berýär. Şunda Gamyşlyja guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça nebit çig malyny almak baradaky meýilnamalaryna iki esse artygy bilen hötde gelendiklerini nygtamak gerek diýlip, habarda bellenilýär.

Tutuş trest boýunça degişli döwürde düýpli abatlanan guýularyň 367-sine derek 436-synyň nebitgaz çykaryş müdirliklerine ulanyşa tabşyryldy. Şunda olaryň 199-sy trestiň Goturdepe guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň paýyna düşýär.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalary tarapyndan giň gerimli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär
Türkmennebit döwlet konserni tarapyndan goşmaça 42 million kub metre barabar gaz çykaryldy
Türkmenistanda abatlanan guýulardan 25,4 müň tonna goşmaça nebit alyndy
Türkmenistanda Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda agtaryş-gözleg işleri geçirilýär
Türkmenistandaky Akpatlawuk dünýädäki uly patlawuklaryň biri
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda