Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýa gurlar

Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýa gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny gurmak baradaky teklibi tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu teklip Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow tarapyndan beýan edildi. Wise-premýer Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň artmagy, elektrik energiýasynyň sarp edilýän möçberiniň ýokarlanmagy hem-de daşary ýurt bazarlarynda türkmen elektrik energiýasyna islegleriň yzygiderli artmagy bilen baglylykda, goşmaça energiýa kuwwatlyklaryny döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze elektrik stansiýasynyň gurluşygy 2023-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynda göz öňünde tutulýar.

Täze beketTürkmenistanda ikinji aýlanyşykly gaz turbinalaryň elektrik stansiýasy bolar. Ýyllyk kuwwaty 1574 MWt bolan ilkinji zawod 2018-nji ýylda Mary welaýatynda işe girizildi.

Ýene degişli makalalar

Balkanda we paýtagtda Bitaraplyk gününe köpçülikleýin mejbury taýýarlyklar başlandy
Türkmenistan ÝUNIDO-nyň Baş konferensiýasynyň 20-nji mejlisine gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Duşenbede işewürlik gepleşiklerini geçirýär
“Güneşli” çagalar-ýetginjekler merkeziniň gurluşygy boýunça halkara tender yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky we onuň töwereklerindäki gurluşyk işleri bilen tanyşdy
Aşgabatda “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň şahamçasy açyldy