Balkan welaýatynda innowasion senagat klasteri kemala gelýär

Balkan welaýatynyň S. Türkmenbaşy etrabynyň senagat kartasy gözüň alnynda özgerýär. Bu ýerde kuwwatly senagat klasteri kemala gelýär. Ol aýratynam Gyýanly şäherçesiniň töwereginde güýçli depginde ösdürilýär, bu ýerde gurlup ulanylmaga berlen desgalarda ilat üçin täze iş orunlarynyň ýüzlerçesi döredildi.

Olaryň arasynda önümi üstaşyr daşamak üçin deňiz portly suwuklandyrylan uglewodorodlary saklamak we ugratmak üçin deňiz terminaly bar. Innowasion gaztehnologiýaly bu desga öňdebaryjy tehnologiýalar, gaz saklanylýan we önümçilik infrastrukturasynyň beýleki binalaryny kompýuter arkaly dolandyrmak usuly ulanylyp bina edildi. Terminal birbada 3000 tonna ýokary hilli harytlyk gazy kabul etmäge we ýylda onuň 200 müň tonnasyny sarp edijilere ibermäge niýetlenendir.

Deňiz gaz terminalynyň gapdalynda Malaýziýanyň Petronas“ kompaiýasynyň gaz terminalynyň ýerüsti önümçilik desgalary we Hazar deňziniň türkmen ýalpagyndan çykarýan tebigy gazy taýýarlamak boýunça zawody ýerleşýär.Petronasyň“ desgalarynyň ikisi-de 2011-nji ýylda döwlet baştutanynyň gatnaşmagynda açyldy.

Gazy gaýtadan işleýän toplumyň meýdançasynda deňiz konstruksiýalaryny ýygnamak boýunça seh ýerleşýär.Gämi ussahanasynda burawlamak we gaz ýygnamak üçin deňiz platformalary sazlanylýar. Ýygnalan konstruksiýa böleklerini daşamak üçin tolkunkesijiler bilen goralan port we ýörüte ýüzüş serişdeleri ulanylýar.

Onuň düzüminde ammarlar we üpjünçilik binýalary, ýük maşynlary, ýük göteriji kranlar we zynjyrly tehnikalar üçin angarlar we duralgalar, kiçi beketler, gazanlar, suw saklanýan howdanlar, kampus, okuw merkezi, sport kluby we beýleki tehniki hem-de durmuş infrastrukturalary bar.

Petronas“ kompaniýasynda işleýän işçileriň we hünärmenleriň aglabasy Malaýziýanyň kärhanalarynda we okuw jaýlarynda hünär öwrenen ildeşlerimizdir. 2009-njy ýylda çig nebtiň, ugurdaş we tebigy gazyň senagat taýdan alnyp başlanmagy bilen Petronas“ özüni Türkmenistanda tebigy gazy ygtybarly ugradyjy hökmünde tanatdy.

Kompaniýa tebigy gazyň ýylda milliadlarça kub metrini iberýär we onuň görkezijileri durnukly ösüşde.

Kuwwatly çig mal binýadynyň, ýangyç we ulag infrastrukturasynyň bolmagy Gyýanly şäherçesinde gazy gaýtadan işleýän ýene bir iri kärhananyň gurulmagyna getirdi.

2013-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýtynda polietilen we polipropilen öndürmek boýunça gaz himiýasy toplumyny maliýeleşdirmek we gurmak hakynda“ Karara gol çekdi. Ekologiýa ölçeglerine görä onuň gurluşygy üçin Gyýanly kiçi aýlagynyň kenaryndaky senagat desgalaryndan uzakda açyk düzlükdäki meýdança saýlanyldy.

2014-nji ýylyň 22-nji aprelinde dabaraly ýagdaýda ýyllyk kuwwatlylygy 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna maýdalanan polipropilen öndürmäge niýetlenen täze kärhananyň düýbi tutuldy.Ondan bäri geçen üç ýarym ýylyň dowamynda ägirt uly işler ýerine ýetirildi.

Häzirki güne çenli enjamlaryň we inženerçilik desgalaryň aglaba bölegi guruldy.Bu kärhanada täze iş orunlarynyň 1200-e golaýy dörediler.Gyýanlynyň gazy gaýtadan işleýän binalaryndan demirgazykda ýerleşen Garabogaz şäherinde ýene bir ýokary tehnologiýaly gaz himiýasy toplumynyň- karbamid öndürýän zawodyň işe girizilmeli wagty golaýlaýar. Ýene 900 işçi orunlaryny döretjek kärhanada ýylda 1 million 150 müň tonnadan gowrak ýokary konsentrasiýaly azot döküni we 640 müň tonna ammiak çykarylar.

Zawod daşky gurşawy goramak boýunça ygtyýarlandyrylan tehnologiýanyň düzgünlerine berk eýermek esasynda bina edilýär.Ekologiýa howpsuzlygy- toplumyň gurluşygynyň we işledilmeginiň ähli tapgyrlarynda iň wajyp talaplaryň biridir.Ony gurmak üçin, şol sanda ylymda belli himiki elementleriň ählisiniň diýen ýaly gorlary bolan Garabogaz köli saýlanyp alnanda ençeme ýagdaý göz öňünde tutuldy.

Karbamid öndürmekde çig mal we esasy ýangyç tebigy gaz bolar, Türkmenistan onuň gorlary babatda dünýäde dördünji orny eýeleýär.

Gaz himiýasy toplumynyň önümçilik ulgamyna yzygiderlilikde ammiak çykarmak we ondan karbamid almak boýunça tehnologik enjamlar, jebis konteýnerlerde taýýar önümleri: ammiagyň 10 müň tonnasyny we karbamidiň 100 müň tonnasyny saklamak üçin ammarlar goşuldy.

Kärhananyň senagat zolagynda umumy kuwwatlylygy 60MWt bolan gaz turbinaly elektrik beketleriniň ikisi, deňiz suwuny süýdüji enjam, harytlyk önümi gaplaýan we ugradýan seh, beýleki infrastruktura binalary gurlar.Dökünler demir ýol, awtomobiller we deňiz gämileri bilen esasan daşary ýurtly sarp edijilere iberilr.

Täze gaz himiýagy läheňine hyzmat etmek üçin ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar.Häzir onuň gurluşygynda Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan ýaş inženerleriň ýüzlerçesi işleýär, işçiler bolsa iş üstünde we gurluşygyň ýolbaşçylarynyň gurnan tehniki okuwlarynda hünär endiklerini üstünlikli ele alýarlar.

Innowasion taslamaly kärhananyň gurluşygynyň işgärleri üçin üç ýarym müň adamlyk ýaşaýyş jaý toplumyny bina etmek göz öňünde tutulýar.Wagty bilen ol döwrebap durmuş ähmiýetli desgalary bolan kiçeňräk şähere öwrüler.

Karbamid öndürýän zawodyň gurluşygy Garabogaz şäheriniň we bu ýerdäki “Garabogasulfat“ önümçilik birleşiginiň ykdysady ösüşine oňyn täsir eder.Garabogaz aýlagy çig mal gorlarynyň gymmatlygy we möçberi babatda natridir magniniň sulfatlarynyň we hloridleriniň iň iri çeşmesidir.

Geljekde bu çig malyň esasynda dünýä bazarlarynda durnukly islegden peýdalanýan önümleri öndürmek göz öňünde tutulýar.Muňa ýerli çig malyň ummasyz möçberleri, tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, ilat we Garabogaz şäheriniň deňiz portunyň bolmagy ony Türkmenistanyň iri himiýa senagaty merkezine öwürýär.

Himiýa senagaty Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan ykdysady syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Tebigy gazyň ummasyz gorlary ýokary girdejili kärhanalaryň gurluşygynyň geljeginiň uludygyny şertlendirýär, olar, öz gezeginde, ýurduň ykdysady ösüşiniň ähli ugurlarynda senagat- innowasion ösüşi ilerledýär.

Garabogaz şäherindäki karbamid zawodyny we Gyýanlydaky polietilen we polipropilen çykarýan gazy gaýtadan işleýän toplumyny degişlilikde 2018-nji ýylyň iýun we sentýabr aýlarynda ulanylmaga bermek göz öňünde tutulýar. Şeýle bolsa-da, Hazaryň türkmen kenarynyň demirgazygynda senagat klasteriniň gurluşygy dowam etdiriler.

Gyýanlynyň golaýynda ýylda iki milliard kub metr tebigy gazy we 117 müň tonna garabogaz hlorid natrisini gaýtadan işlemäge niýetlenen ýene bir gaz himiýasy toplumynyň gurluşygynyň taslamasy işlenilip taýýarlanylýar.Bu çig maldan polipropilen, poliwinilhlorid, kaustik soda, duz kislotasy we himiýa önümçiligniň beýleki harytlary ýaly himiýa önümleriniň ençeme görnüşini köp möçberde çykarmak göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

17.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri karbamid toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Dekabr 2023: TDHÇMB-daky eksport söwdalarynyň umumy möçberi $155 milliondan geçdi
26.07.2017 | Himiýa senagaty daşary ýurtdan getirilýän önümleriň ornuny tutmakda esasy orny eýeleýär
Garabogazda ammiak we karbamid öndürmek boýuça iri taslama durmuşa geçirilýär
Balkan welaýatynda ammiak we karbamid öndürmek boýunça toplumyň gurluşygy tamamlanyp barýar
23.04.2018 | Özbegistanyň paýtagtynda giň möçberli sergi açyldy