Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde halkara talaplara laýyk gelýän täze gury ýük gämileriniň ikisiniň gurluşygyna başlady. Häzirki wagtda gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.
Balkan gazetinde berilýän habara görä, gämi gurluşygynda 300-den gowrak adamyň işledilmegi göz öňünde tutulyp, olar bilen Koreýa Respublikasynyň Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan gämi böleklerini işläp taýýarlamak we gurluşygy meýilleşdirmek, gabara gurluşy we kebşirlemek, turba işleri, mehaniki we elektrik işleri, hil gözegçiligi we degişli beýleki işleriň görnüşleri boýunça ýöriteleşdirilen okuw sapaklary we türgenleşikler geçirildi.
Bu möhüm taslamany amala aşyrmaklyga gatnaşýanlaryň 90 göterimden gowragy ýerli hünärmenlerdir.Gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan, her biriniň ýük göterijilik kuwwaty 6100 tonna bolan gury ýük gämileriniň uzynlygy 123 metr, ini 16,5 metre deňdir.
Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp, halkara ölçeglere gabat gelýän kämil, awtomatlaşdyrylan enjamlaryň peýdalanylmagy bilen 4-den 6-a çenli gämini gurmaga niýetlenendir.
Mundan başga-da, bu ýerde 2 müň tonna polady işlemek arkaly ortaça 20 — 30 sany kiçi we orta göwrümli gämileriň abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçilik bar.Kärhanada dürli görnüşli gämileri, nebit tankerlerini, deňiz platformalaryny, tirkeg gämilerini, katerleri, şeýle hem halk hojalygynyň senagat pudaklary üçin demirden dürli gurluşlary, taýýar önümleri, enjamlary, gurallary ýasamak boýunça işler hem ýerine ýetirilýär.