Balkan welaýatynda gurluşyk serişdelerini we gipsokarton öndürýän kärhana açyldy

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda gurluşyk serişdelerini we gipsokartony öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy ― diýip, Türkmenistan gazeti habar berýär.

Gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi boýunça Akdaş şäherçesinde ýerleşýän täze kärhanany Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ak gaýa” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri bina etdiler.

Bu önümleriň esasy çig maly hökmünde kärhananyň golaýynda ýerleşýän känden gazylyp alynýan kalsit ulanylýar. Ol owradylmagy we elekden geçirilmegi bilen degişli tehnologiýa enjamlar bilen üpjün edilen bölüme iberilýär. Bu ýerde Türkiýäniň, Ispaniýanyň, Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň enjamlary oturdyldy.

Ähli önümçilik ulgamy awtomatlaşdyrylyp, operator tarapyndan dolandyrylýar. Önümiň hilini barlaýan barlaghana, kompressor gurnamasy, transformator podstansiýasy, taýýar önümleri gaplaýan bölüm, olary saklamaga niýetlenen ammar bar. Bu ýerde onlarça täze iş orunlary döredildi. Öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli zerur şertler bar.

Täze desganyň açylyş dabarasynda çykyş eden aýdym-saz toparlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Bu ýerde has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Azyk harytlarynyň gymmatlamagy hem alyjylara, hem satyjylara täsir edýär
“Awatar: suwuň ugry” ähli babatda 1-nji kinodan öňe saýlanýar
Altyn Ýunus haryt nyşany täze görnüşli önümi öýjükli şokoladlary hödürleýär
Türkmen maldarlary mikroorganizm esasly Nourivit goşundylarynyň peýdasyna göz ýetirdiler
Togg Awtoulagymyz Ýurdumyzyň Tehnologiýada Ýeten Sepgidiniň Simwolydyr
Ýewropada awtoulag satuwy artdy
Ford awtoulagyň öwrüm radiusyny kiçeldýän täze özboluşly usuly işläp taýýarlady