Balkan welaýatynda göwrümi 18 million kub metr bolan täze suw howdany açyldy

Balkan welaýatynda göwrümi 18 million kub metr bolan täze suw howdany açyldy

Bereket etrabynda täze suw howdany ulanylmaga berildi. Bu howdan ýurduň günbatar sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryny Garagum derýasynyň suwy bilen üpjün etmäge niýetlenendir. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Garagum derýasynyň 1096-njy kilometrinde gurlan suw howdanynyň göwrümi 18 million kub metr bolup, ol ýerde sekuntda 30 kub metr suw geçirmäge ukyply suw ýygnaýjy desga ýerleşýär. Bu desga güýz-gyş aýlarynda derýanyň aşaky akymynda suwy ýygnamak, ekerançylyk ýerleriniň suwarylýan wagtynda suwuň paýlanyşyny sazlamak üçin niýetlenendir.

Bu gidrotehniki toplumyň taslamasy “Türkmensuwylymtaslama” institutynda taýýarlanyldy, gurluşyk işlerini bolsa Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň “Garagumderýagurluşyk” önümçilik birleşiginiň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.

Desganyň gurluşygynda dünýäniň iri kompaniýalaryndan yzygiderli satyn alnan kuwwatly ekskawatorlaryň, buldozerleriň we beýleki ýöriteleşdirilen döwrebap tehnikalaryň 180-den gowragy gije-gündiz işledildi.

Howdanyň we bendiň gurluşygynda ýerli känlerden alnan gurluşyk materiallary ulanyldy, hususan-da, olaryň berkidilmegi üçin 167,5 müň kub metr çagyl gerek boldy. Bendiň umumy uzynlygy 7,8 kilometrden gowrakdyr. Esasy önümçilik desgalaryndan başga-da, ýol we energetika düzümleriniň desgalary guruldy.

Suw geçirijilik ukyby sekuntda 10 kub metre barabar bolan täze suw hojalyk toplumynyň işe girizilmegi Bereket etrabynyň ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan parahatçylyk dörediji ýurtdur
Türkmenistan parahatçylyk dörediji ýurtdur
Bereket etrabynda täze suw howdany işe girizildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy geçirildi
Suw hojalygynyň hünärmenleri BMGÖM bilen hyzmatdaşlykda energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalry ornaşdyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirýärler