Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga uly goşant goşýar. Bu deňiz portunyň milli ykdysadyýetimiziň, şeýle-de tutuş sebitiň ösüşinde eýeleýän orny möhüm ähmiýete eýedir diýip, Türkmenistan gazeti ýazýar.
Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde bitirilýän işlere we hyzmatlara daşary ýurtlarda hem uly gyzyklanma bildirilýär. Agentligiň tabynlygyndaky edara-kärhanalarda, şeýle hem Deňiz söwda floty ýapyk görnüşli, Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň düzümlerinde alnyp barylýan işler özüniň giň gerimi bilen tapawutlanýar.
Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýylda 10 müň tonna polady işläp, 4 — 6 gämini gurmaga niýetlenendir.Mundan başga-da, bu ýerde 2 müň tonna polady işlemek arkaly, ortaça, 20 — 30 sany kiçi we orta göwrümli gämileriň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçilik bar.
Döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan zawodda gämi dizaýny, taslama dolandyrylyşy, üpjünçilik, bejeriş, önümçilik, tehniki hyzmat ediş, hil we zähmet howpsuzlygy, bug gazanlary hem-de kompressorlar bilen bagly işler utgaşykly alnyp barylýar.
Dürli görnüşli gämileri, nebit tankerlerini, deňiz platformalaryny, tirkeg gämilerini, katerleri, şeýle hem halk hojalygynyň senagat pudaklary üçin demirden dürli gurluşlary, taýýar önümleri, enjamlary, gurallary ýasamak, göwrümli demir listlerini işlemek, olary posdan arassalamak, ýylmamak we reňklemek, dürli senagat pudaklarynda, ýyladyşhanalarda giňden peýdalanylýan radiatorlary taýýarlamak hem-de ýurduň suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmekde, iri akabalaryň suw geçirijiligini ýokarlandyrmakda ulanylýan dürli kysymly läbik sorujylar babatdaky işler berjaý edilýär.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelýän konteýnerleri buýrujylaryň sargytlary esasynda abatlamak, kebşirlemek, reňklemek, deňiz giňişliginde ýük daşaýan, ýolagçy gatnadýan, beýleki işlerde ulanylýan gämileri we ýüzüji serişdeleri tehniki taýdan gözden geçirmek işleri-de üstünlikli alnyp barylýar.
Şu ýylyň başyndan bäri Deňiz söwda floty ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Çarlak, Almaz ýolagçy gämilerinde, nebit önümlerini daşaýan Kenar gämisinde, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Aýdak tirkeg gämisinde, Nurly tolkun hususy kärhanasynyň Nurana ýolagçy hem-de Blue Marine daşary ýurt kompaniýasynyň Topaz Glory tirkeg gämisinde ýeňil abatlaýyş işleri geçirilip, sargytlar öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirildi.