Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody KOMEA bilen 42 million dollarlyk şertnama baglaşdy

Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody KOMEA bilen 42 million dollarlyk şertnama baglaşdy

Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody Koreýa deňiz enjamlary assosiasiýasy (KOMEA) bilen 6,1 müň tonna umumy ýükleri daşamaga niýetlenen gämileriň taslamalaryny düzmek, bilelikde gurmak we degişli enjamlary getirmek boýunça 42 million dollarlyk şertnama baglaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Gämi gurluşyk babatda günorta koreý tehnologiýalarynyň getirilmegi Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhüm şerti bolar diýlip, habarda aýdylýar.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen kompaniýa degişli kiçi we orta kärhanalaryň önümleriniň daşary ýurtlara eksportyny artdyrmak bilen, Hazar sebitinde gämi gurluşyk babatda täze bazary döredýär diýip, KOMEA-nyň Sankt-Peterburgdaky şahamçasynda mälim edilýär.

Täze guruljak MPC 6,1K synply köp maksatly gäminiň uzynlygy 128 metr, ini hem 16,5 metr bolar we ol ýükleriň dürli görnüşlerini Hazar sebitinde daşamak üçin amatlydyr.

Ozal sentýabr aýynda Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen Koreýanyň Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd. (KSIT) kompaniýasynyň ýük göterijilik kuwwaty 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämisini bilelikde gurmak boýunça ylalaşyga gol çekendiklerini habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

“Balkan” gämigurluşyk zawody “KOMEA” bilen $42 millionlyk şertnama baglaşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy, kosmonawt Oleg Kononenko täze missiýa bilen HKS-e ugrady, Kiçi teatryň Aşgabada sapary yza süýşürildi we beýleki habarlar
Balkan gämi abatlaýyş kärhanasy koreý hünärmenleri bilen bilelikde iki sany gury ýük gämisini gurar
Balkan zawody täze gury ýük gämileri üçin IMO belgileri aldy
Türkmenistanda iki sany gury ýük gämisiniň gurluşygyna taýýarlyk görülýär
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-koreý işewürlik maslahatyndaky çykyşy