Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody we Koreýanyň Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd. (KSIT) kompaniýasy ýük göterijilik kuwwaty 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämisini bilelikde gurmak boýunça ylalaşyga gol çekdiler.
Bu ylalaşyk Koreýa deňiz enjamlary assosiasiýasy (KOMEA) we bu assosiasiýanyň agzasy bolan KSIT kompaniýasy bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanyldy. Iki sany gury ýük gämisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň milli söwda flotuny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen gol çeken Kararyna laýyklykda gurlar.
Şertnamanyň çäginde ýokary hünär derejeli koreý inženerleri zawodyň hünärmenlerine Koreýanyň gämi gurluşyk tehnologiýalaryny öwrederler. Zawodda häzirki zaman hil dolandyryş ulgamy hem ornaşdyrylar. Taslama işleri gämi gurluşygynda kabul edilen ýokary howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak standartlaryny göz öňünde tutup amala aşyrylar.
Koreý hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň deňiz infrastrukturasynyň gowulaşmagyna, şeýle hem ýurduň söwda we ulag aragatnaşygynyň ösmegine goşant goşar diýlip garaşylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň milli söwda flotunyň Balkan, Magtymguly we Türkmenistan gury ýük daşaýan gämileri Türkmenistanda öndürilýän önümleri daşary ýurt portlaryna daşamakda yzygiderli hyzmatlary ýerine ýetirýärler. Gury ýükler esasan hem Türkmenbaşy porty bilen Baku, Astrahan, Aktau portlarynyň arasynda daşalýar.