Balkan atçylyk sport toplumynda at çapyşyklar geçirildi

21-nji aprelde Balkan welaýatynyň edara ediş merkezinde ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi.

Dabaralar Balkan atçylyk sport toplumynda däp bolan at çapyşyklar bilen başlandy.

Welaýatyň sungat ussatlary — meşhur estrada artistleri, bagşylar, tans we döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Baýramçylyk mynasybetli atçylyk sport toplumynyň çäklerinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Balkan welaýatynyň görnükli suratkeşlerinden başlap, döredijilik ýoluna ýaňy gadam basan ýaşlar behişdi bedewlere bagyşlanan surat eserlerini görkezdiler. Şeýle-de bu ýerde halyçy gelin-gyzlaryň, zergärleriň, at esbaplaryny taýýarlaýan ussalaryň we beýlekileriň işleri bilen tanyşmak bolýar.

Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň göçme sergisiniň gymmatlyklary bedewiň tutuş taryhyň dowamynda halkymyzyň syrdaşy bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şol gymmatlyklaryň hatarynda Balkan welaýatyndaky Dehistan taryhy-medeni ýadygärliginiň çäginde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar bar.

Ýurdumyzyň günbatar sebiti eýýäm birnäçe günden bäri ýetip gelýän baýramçylyk çäreleriniň mekanyna öwrüldi. Balkanabat şäheriniň merkezinde baýramçylyk konsertleri geçirildi. Olarda welaýatyň ähli etraplaryndan gelen artistleriň çykyşlary meşhur ahalteke bedewlerine bagyşlandy.

Geçirilen at çapyşyklarda behişdi bedewler gaýtalanmajak gözelligini, güýç-kuwwatyny we ýyndamlygyny görkezdiler. Balkan atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklaryna atşynaslar, halkymyz üçin däbe öwrülen bu ajaýyp sport görnüşiniň köp sanly janköýerleri ýygnandylar. Ýaryşyň maksatnamasyna ýetginjek, uly ýaşly hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň bedewleriniň gatnaşmagynda 8 çapyşyk girizildi.

1000 metr aralyga birinji çapyşykda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna wekilçilik edýän ýetginjek çapyksuwarlar ýaryşa goşuldylar. Ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda Lebap welaýat häkimliginiň Näzik atly bedewini çapan Y.Gurbanow ýeňiji boldy.

Soňra welaýatlaryň her birinden we Aşgabat şäherinden ussat çapyksuwarlar gezekli-gezegine 1400 metr aralyga bellenen 6 çapyşyga gatnaşdylar.

Ahal welaýatynyň bedewleriniň arasynda Döwlet serhet gullugyna degişli Garaýel (çapyksuwary A.Ezizow) diýen at, Balkan welaýatynyň bedewleriniň arasynda Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirligine degişli Abraýly diýen at (çapyksuwary G.Sapargeldiýew), Daşoguz welaýatynyň bedewleriniň arasynda Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirligine degişli Gardaşym diýen at (çapyksuwary Y.Saparow), Lebap welaýatynyň bedewleriniň arasynda Lebap welaýat häkimligine degişli Guwanjym diýen at (çapyksuwary T.Taýlyýew), Mary welaýatynyň bedewleriniň arasynda Döwlet serhet gullugyna degişli Gökdepe diýen at (çapyksuwary Ö.Ýalkabow), Aşgabat şäheriniň bedewleriniň arasynda Aşgabat şäher häkimligine degişli Gaplaň diýen at (çapyksuwary B.Agamyradow) pellehana ilkinji bolup geldi.

Jemleýji çapyşyga ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan halypa çapyksuwarlar gatnaşdylar. Olar bu ýaryşda haýsy aty çapyp ýaryşa gatnaşjakdyklaryny kesgitlemek üçin bije atyşdylar. Halypa çapyksuwarlar nesibesinden çykan bedewe atlanyp, ýaryşa goşuldylar. Şunda Ahal welaýatyna degişli Gyzylmeýdan diýen at ýeňiji boldy. Onuň çapyksuwary B.Sapargylyjowdyr.

Baýramçylyk at çapyşyklarynyň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly baýraklar we sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna — ýeňil awtoulaga halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen jemleýji çapyşygyň ýeňijisi B.Sapargylyjow mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň tälimçisi Özbegistanyň Nawbahor klubunda tejribelik geçýär
13-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň täze Baş prokuroryny belledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna general-maýor harby ady dakyldy