Balide saglygy dikeldilen delfinler ummana goýberildi

Balide saglygy dikeldilen delfinler ummana goýberildi

On ýyla çeken saglygy dikeldiş we uzak garaşylan erkinlik Balide Jonni, Rokki we Rembo atly delfinler açyk ummana goýberildi diýip, MIR 24 habar berýär.

Olaryň durmuşy ýeňil bolmady. Birnäçe ýyllap delfinler sirkde çykyş etdiler, soňra olary myhmanhanada saklap, jahankeşdeleriň göwnüni açmaga mejbur etdiler. Delfinleriň ýaşaýyş şertleri bolsa ýaramazdy, bu olaryň saglygyna uly zeper ýetirdi.

On ýyl mundan öň delfinleri eýelerinden alyp, ýörite saglygy dikeldiş merkezine eltdiler. Häzir olaryň ýagdaýy gowy. Haçanda suwasty derwezeleri açanlarynda, olar tirkeşip, tebigy ýaşaýyş mekanlaryna— ummana tarap ugur aldylar.

Ýene degişli makalalar

“Real”“Ýunaýted” 11-nji gezek
“REAL MADRID” kuboklary yzly-yzyna gazanýar
IŇLIS KLUBLARY ÇÄRÝEK FINALYŇ BOSAGASYNDA
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Geçiler nädip daga dyrmaşýarlar?
Futbol täzelikleri