15-nji noýabrda G20 ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň azyk we energiýa howpsuzlygyna bagyşlanan iki günlük sammiti Indoneziýanyň Bali adasyndaky Nusa Dua şypahanasynda “Bilelikde gurarys, güýçleneris” şygary bilen öz işine başlady.
Indoneziýanyň başlyklygyndaky sammitiň birinji gününde G20 ýurtlarynyň ýolbaşçylary azyk we energiýa howpsuzlygynyň, şeýle hem global saglygy goraýyş arhitekturasyny berkitmegiň, durnukly energiýa geçişini çaltlaşdyrmagyň we sanly üýtgeşmeleri ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, Indoneziýa tarapy sammite gatnaşyjylara Kalimantan adasynyň gündogar böleginde ýerleşjek täze paýtagtyň taslamasyny hödürledi. Mundan ozal ýurduň ýolbaşçylary paýtagt Jakartanyň başga ýere göçürilýändigini habar beripdiler.
Sammitiň birinji güni diňe bir G20 ýurtlarynyň wekilleriniň däl, eýsem G20 işewürlik forumyna gatnaşan ähli myhmanlaryň gatnaşmagynda agşamlyk nahary bilen tamamlandy. Indoneziýa biçüwindäki ýörite eşikler olar üçin taýýarlandy.
Şu gün wekiliýetiň agzalary Denpasaryň Ngurah-Raý tebigat seýilgähinde agaç ekmek çäresine gatnaşarlar. Soň bolsa sanly üýtgeşmeler boýunça iş sessiýasyna gatnaşarlar. Sammit Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodonyň metbugat ýygnagy bilen tamamlanar. Joko Widoda geçen ýygnaklaryň netijelerini jemläp, G20 sammitiniň indiki başlyklygyny Hindistana geçirer.
“Uly ýigrimiligiň” düzümine Awstraliýa, Argentina, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Italiýa, Kanada, Hytaý, Meksika, Russiýa, Saud Arabystany, ABŞ, Türkiýe, Fransiýa, Günorta Koreýa, Günorta Afrika Respublikasy, Ýaponiýa we Ýewropa Bileleşigi ýaly ykdysadyýeti has ösen we ösýän ýurtlar girýär.
G20 topary dünýäniň jemi içerki önüminiň 85 göterimini, dünýä söwdasynyň 75 göterimini, şeýle hem dünýä ilatynyň üçden iki bölegini emele getirýär. 1999-njy ýylda esaslandyrylan bu Halkara guramasynyň maslahatynda esasan, halkara maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.