Indoneziýanyň Bali adasynyň gubernatory Waýan Koster adadaky daglara münmegi gadagan etdi, sebäbi olar mukaddes ýerler bolup durýar. Bu barada Tribun-Bali portalyna salgylanýan TASS ýazýar.
Gubernator golaý wagtda bu ugurda ýörite sebit kanunynyň kabul ediljekdigini habar berdi. Onda adadaky ähli daglara münmek gadagan ediler. Gadaganlyk Baliniň ýaşaýjylary, daşary ýurtly jahankeşdeler, şeýle-de Indoneziýadan geljek syýahatçylar üçin giriziler.
Adamlar daga diňe ol ýerde ýörite çäreler geçirilýärkä münüp bilerler.