Bali adasyna suw ýetmezçiligi howp salýar

Bali adasyna suw ýetmezçiligi howp salýar

Indoneziýanyň Bali adasyna we ol ýerdäki ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýerlere suw gytlygy abanýar. Bilermenleriň maglumatlaryna görä, muňa adada jahankeşdeligiň ösmegi, ilatyň artmagy we suw gorlarynyň bisarpa peýdalanylmagy sebäp bolýar diýip, Habar 24 ýazýar.

1980-2020-nji ýyllar aralygynda adanyň ilaty 70 göterimden hem köpelip, 4 million adamdan geçipdir. Bu maglumatlary Indoneziýanyň hökümeti adada geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri esasynda habar berýär.

Suw ýetmezçiligi eýýäm Baliniň demirgazyk-günbatarynda duýulýar. Ekologlardyr işjeňler ýagdaýyň gitdigiçe ýaramazlaşjakdygyny çaklaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen alymlary Indoneziýada geçirilen halkara ýarmarkada innowasion işläp taýýarlamalaryny görkezdiler
Ýitip gitmek howpy abanýan jandarlar
Bali adasy tebigy gözellikleriň mekany
2023-nji ýylyň sport kalendary
Awtoulaglara zarýad berýän ýol
Kalyn Bilen Salliwan Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi