Bali adasy daşary ýurtly syýahatçylar üçin doly açylar

Bali adasy daşary ýurtly syýahatçylar üçin doly açylar

Bali dynç alyş adasy 4-nji fewraldan başlap ähli syýahatçylar üçin ýuwaş-ýuwaşdan açylar. Bu barada Indoneziýanyň Deňiz işleri we maýa goýumlar boýunça ministri Luhut Panjaýtan aýtdy diýip, TheJakartaPost-a salgylanyp, Tengritravel.kz habar berýär.

Ýerli häkimiýetleriň habar bermegine görä, doly sanjym alanlar üçin ýeňillikler hem giriziler. Olar üçin karantin möhleti ýedi günden bäş güne çenli azaldylýar. Indoneziýada “omikron” sebäpli COVID-19 hadysalarynyň sanynyň köpelýändigine garamazdan, doly açmak barada karara gelindi. Indoneziýanyň häkimiýetleri syýahatçylyk pudagynyň işini dikeltmäge mejbur bolýarlar, sebäbi bu pudak ösdürilmese, ýurt ykdysady betbagtçylyga uçrap bilýär.

Mundan öň, oktýabr aýyndan Bali adasyna bäş ýurduň, ýagny Birleşen Arap Emirlikleriniň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Günorta Koreýanyň we Täze Zelandiýanyň raýatlaryna girmäge rugsat berildi. Ýöne bu ykdysadyýeti dikeltmek üçin ýeterlik däldi. 2020-nji ýyla çenli gelýän syýahatçylar gaznanyň 54 göterim girdejisini üpjün edýärdiler.

Özüniň sýorfingi, ybadathanalary, şaglawuklary we gijeki durmuşy bilen belli bolan Bali pandemiýadan öň 2019-njy ýylda 6,2 mln daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdi.

Ýene degişli makalalar

Kazanda Abaýyň Aşgabatda dikilen heýkeli ýaly ýadygärligi açylar
Geçen ýyl 20 müňden gowrak türkmenistanly Gazagystana syýahat etdi
Gazak bugdaýy Türkmenistanyň çägi arkaly Owganystana we Pakistana eksport ediler
Ýylyň başyndan bäri 9,6 müňden gowrak türkmenistanly Gazagystana bardy
Gazagystan 2023-nji ýylda 90 million tonnadan köp nebit çykarmakçy
Russiýadan Giden Firmalaryň Gazagystana Gelmegi Islenýär
Gazagystanda nebit ýatagynda partlama boldy