Baliniň häkimiýetleri indiki ýyldan daşary ýurtlulardan syýahatçylyk salgydyny alyp başlar. Bu serişdeler döwlet gaznasynyň üstüni doldurmak we ýurduň medeni mirasyny goramak maksady bilen ulanylar.
10 dollarlyk salgyt ada gelmezden öň elektron töleg arkaly amala aşyrylar.
-Görkezijiler pes bolar öýdemok. Syýahatçylyk salgydyndan alnan girdejini daşky gurşawy we medeniýeti goramak maksady bilen ulanmagy meýilleşdirýäris. Biz Balä syýahat etmek has amatly we howpsuz bolar ýaly has gowy infrastruktura gurýarys – diýip, Baliniň gubernatory Baýan Koster belledi.
Geçen ýyl ada iki milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçy geldi. “The Jakarta Post” gazetiniň habaryna görä, şu ýylyň başyndan bäri bu ýere gelýänler medeni kadalary we migrasiýa kanunlaryny bozup ugrapdyrlar.
Ozal Balide daga çykmak gadagan edilipdi. Bu düzgün adanyň belentlikleriniň ählisine degişlidir we diňe bir daşary ýurtly syýahatçylara däl, eýsem Indoneziýanyň raýatlaryna we adanyň ýaşaýjylaryna-da degişlidir.