Balet duýguly sahna eseri

Tans sazlaşykly beden hereketleri bilen medeniýeti we ruhy ahwalaty janlandyrýan gymmatly sungat eseridir.Tans asyrlarboýy dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup gelýär.Her bir halk öz däp-dessurlaryny, halk döredijiligini suratlandyrýan milli hem-de döwrebap tanslary bilen tanalýar. Şeýle tanslaryň biri hem balet bolup, her ýylyň 1-nji noýabrynda Bütindünýä balet güni bellenip geçilýär.

Gazetimiziň şu sanynda balet tansy baradaky maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.

Balet teatr tansy, akademiki tans usuly bolup, bezelen sahnada balerina tarapyndan aýdym-sazly ýerine ýetirilýär.Tansyň bu görnüşinde sessiz hekaýat duýgy bilen täsirli beýan edilýär.Balet tansy XV-XVI asyrlarda döredilip, italýan medeniýetinden gözbaş alýar.

Bu tans ilkibaşda köşk güýmenjesi hökmünde ýerine ýetirilip, gülküli häsiýete eýe bolupdyr.Italiýanyň goňşusy Fransiýada hem şol ýyllarda balet tansy ýörgünli bolup, tans stiliniň nusgalyk görnüşi hasaplanypdyr.Fransuzlarda balet, esasan, döwlet edaralary bolan kazyýetde oýnalypdyr.

Wagtyň geçmegi bilen tansyň ýerine ýetiriliş usuly üýtgedilip, teatrda ýuwaş heňli saz bilen ýerine ýetirilip başlanýar. 1700-nji ýyllarda Parižde opera tans mekdepleriniň döredilmegi bilen ilkinji opera tansçylary ýüze çykýar. Şol ýyllarda balet tansy üçin ýörite sazlar ýazylýar.

Bu opera baletleriniň üstünligi bolup, aýdym, tans we orkestriň janly sazy bir sahnada birleşýär.Ilkibaşda iň ökde tansçylar erkekler bolup, 1681-nji ýylda ilkinji zenan balet tansçysy de La Fonten sahnada peýda bolýar. 1720-nji ýyllarda baletiň çeperçilik we ýerine ýetiriliş tärleri boýunça erkeklerdir zenanlaryň arasynda bäsleşikler guralýar.

Tans bäsleşiklerinde Mari Sale we Mari-Anne Kamargon iň meşhur tansçylar hökmünde saýlanýar.Bu tansçylar balet tansynyň nusgawy görnüşini döretmekde uly orun eýeläpdirler.Fransiýada kämilleşdirilip, nusgalyk derejä ýetirilen tansyň bu görnüşi soňlugy bilen Ýewropa ýurtlaryna ýaýraýar.

Rus baleti, fransuz baleti we italýan baleti ýaly tärleri özünde jemleýän balet tansynyň nusgawy, romantik, täze nusgawy we häzirki zaman baleti ýaly görnüşleri bar.

Ýumşak aýakgaply oýnalýan tansyň bu görnüşi romantik häsiýetliligi bilen tapawutlanýar. Balet häzirki wagtda, esasan, aýal-gyzlar tarapyndan ýerine ýetirilýän aýlawly hereketleri bilen tanalýan nusgawy tanslaryň birine öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Tans sungatynyň milli nusgalary
Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini
Meriç Sümen
Ýolaman Hummaýew — türkmen operasynyň düýbüni tutujy
Türkmenistanda mejbury ýygym dowam edýär; telekeçi ABŞ-dan türkmen pagtasyny özüniň gadaganlyk sanawyndan çykarmagy sorady
Daşary ýurt metbugatyna syn