Balerina meňzeş gökdirän bina gurlar

Albaniýanyň paýtagty Tiranada Bond Tower atly özboluşly binany gurmak meýilleşdirilýär. Portugaliýanyň OODA studiýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan bu bina balet tansynyň hereketini ýada salýan üýtgeşik görnüşe eýe bolar. Bond Tower-iň daşky görnüşi bir gurluşa birigýän iki diňden ybarat. 50 gatly bolmagyna garaşylýan toplumyň takyk beýikligi bolsa entek kesgitlenmedi.

Taslama düzülende adaty alban halylaryndan, şeýle hem ýurduň daglaryndan we obalaryndan ylham alnypdyr.Binanyň nagyşly fasady, toplumlaýyn ýaşyl giňişlikleri we üçekdäki eýwany binagärlik bilen tebigatyň sazlaşykly utgaşmasyny döreder.

Aşaky gatlarda söwda merkezleri we ofis üçin otaglar, olardan ýokarda bolsa myhmanhana bolar. Ýokarky gatlar balkonly öýler üçin niýetlenen. Özboluşly dizaýny bolany üçin, Bond Tower täsirli ululygyna garamazdan, owadan we ýeňil görünýär.

Häzir binanyň gurluşygy başlandy, ýöne onuň tamamlanjak senesi belli edilmedi.

Ýene degişli makalalar

Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini
Daşary ýurt metbugatyna syn
Türkmenistanda mejbury ýygym dowam edýär; telekeçi ABŞ-dan türkmen pagtasyny özüniň gadaganlyk sanawyndan çykarmagy sorady
Ýolaman Hummaýew — türkmen operasynyň düýbüni tutujy
Meriç Sümen
Time žurnaly iň abraýly 100 kompaniýany belledi