Belli bolşy ýaly, garynjalar tebigatyň üýtgeşik hem örän işeňňir jandarlaryndan biridir.Janly tebigatda bize tanyş bolan adaty garynjalardan başga-da, bal ýygnaýan garynjalar hem bar.Bu garynjalar Meksikanyň, Awstraliýanyň we ABŞ-nyň günbatar bölegindäki gurak sebitlerde gabat gelýär.
Bal garynjalary bu ýerlerde ululy-kiçili koloniýa bolup ýaşaýarlar.Bir koloniýanyň ýüzlerçe, hatda millionlarça agzasy bolýar.Bu garynjalaryň adaty garynjalardan tapawudy bal bilen iýmitlenmegidir.Garynjalar baly edil arylar ýaly dürli ösümlikleriň güllerinden, şireli ýapraklarydyr baldaklaryndan ýygnaýarlar. Çöllük sebitde ösümlik örtüginiň seýrekdigi sebäpli garynjalar ýygnan balyny ätiýaçlyk hökmünde bedeniniň maýyşgak garyn synasynda ýygnaýarlar.
Daşyndan göräýmäge, olaryň bu synasy “bal çeleklerini” ýadyňa salýar.Bal garynjalaryny adaty garynjalardan tapawutlandyrýan aýratynlygy hem şudur.Käte has köp mukdarda bal ýygnan garynjalar özbaşdak hereket edip hem bilmeýärler. Ýygnalan bal düzüminde ýeterlik mukdarda glýukoza we fruktoza toplamak bilen, bal garynjalaryny gündelik işleri ýerine ýetirmekde gerekli energiýa bilen üpjün edýär.
Bal garynjalary dürli ösümliklerden bal ýygnamak bilen edil bal arylary ýaly, ösümlikleri tozanlandyrýarlar.
Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby