Bakygeldi Sytdyhow: häzirki zaman türkmen žiwopisiniň özboluşly wekili

1996-njy ýylda Babadaýhan etrabynda köp çagaly surat mugallymynyň maşglasynda ýedinji çaga dünýä indi.Maşgalanyň begenjiniň çägi ýokdy, çünki bäbejik ýedi gyzdan soň doglan oglanjykdy!Bakygeldi surat çekmäge ir başlady, gowy ýeri, surat mugallymynyň öýünde galamdyr dürli reňkler ýetikdi.

Kakasy hemişe oglunyň suratlaryna syn ederdi, käte bir maslahat beräýmese, başga wagt diňe baş atyp oňaýardy.Bir gezek Bakygeldi stol üstünde oýnalýan tennise gyzygyp, suratyny taşlanda ol: “Haýsam bolsa, birini tut-da, gün yrman bellän maksadyňa ýetmek üçin işle”- diýip berk tabşyrypdy.

Onsoň Bakygeldi ýene eline galam aldy. 2013-nji ýylda umumy bilim berýän mekdebi tamamlan Bakygeldi çeperçilik ýörüte orta bilim mekdebine däl-de, göni Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna resminamalaryny tabşyry.

Dalaşgärleriň juda känligine garamazdan kabul ediş toparynyň agzalary babadaýhanly ýetginjegiň suratlaryny görenden ony okuwa kabul etdiler.Eger ýigit şeýle zehinli, kakasynyň käte bir beren maslahaty Bakygeldi üçin çeperçilik ýörüte orta bilim mekdebine barabar bolan bolsa, onuň kär ussatlygynda Akademiýanyň ähmiýeti bir barmyka?

Biz altynjy ýyl talyby Bakygeldä şeýle sowal berenimizde ol: -Men mugallymlarym Aşyr Kulyýew bilen Atageldi Serdarowdan köp zat öwrendim.Onsoňam bäsleşikler, sergiler, Türkmenistanyň ussat nakgaşlarynyň ussahanasyna saparlar guralýan Akademiýanyň durmuşynyň özi döredijiligiň ösüşine ýardam edýär ahyry. Ýöne beý diýdigim kakamdan sapak almany goýdugym däldi.

Tomusky dynç alyş günleri kakama bir ýylda çeken suratlarymy görkezýärin.Olam ozalkysy ýaly, olara siňňin syn edýär-de, baş atyp makullaýar. Çeperçilik akademiýasynyň galareýasynda görkezilýän altynjy ýyl talyby Bakygeldi Sytdyhowyň işleriniň sergisi ony görenleriň hijisini biparh goýamýar.

Mysal üçin, awtportretini alyp göreliň.Aslynda biz onda diňe nakgaşyň döşheýkeli şeikllendirilmelidir öýdýäris. Ýöne ýaş nakgaş özüniň dik duran suratyny çekipdir. Üstesine-de, awtor: “Geliň tanşalyň, men—Bakygeldi Sytdyhow!” diýýän ýaly elini bize uzadyp dur.

Ol her suratyny şeýle üýtgeşik we sada çekýär. “Arzuw” suraty Durdy Baýramowyň hatyrasyna geçirilen bäsleşige gabatlanyp döredilipdir.Bakygeldi suraty dynç alyş günleri öýlerinde çekipdir, onuň bäsleşikde birinji ýer almagyny arzuwlan kiçijik ýegençisi bolsa, töweregine “Durdy Baýramowyň işleriniň katalogyny” we galam garalamalaryny üýşürişdirip, ýatyp galypdyr...

Baky bäsleşikde baýrak almandyr, ýöne mähirli, özüne maýyl ediji surat temany açmaga dürliçä çemeleşip bolýandygyny görkezýär. “Näzlije” suratynda öýkeläp, bize ýeňsesini öwrüp duran gyzjagaz şekillendirilipdir. Çaganyň näme üçin öýkeländigem hökman däl.

Esasy zat, ol töweregindäkilere ýeňsesini öwrüp, hiç kimi diňlemegem, görmegem islänok.Gyzjagazyň gaharlyja ýeňsesi surat üçin esas bolupdyr.Bakygeldi il ýaly surat çekmegi halamaýar, ol hemişe gözlegde, şonuň üçinem ozal hiç kimiň etmedik tilsimini tapaýýar.

Jübüt krossowkaly natýurmortam şonuň netijesi.Modaly sport aýakgabyny suratyň gahrymany etmek kimiň kellesine geler diýsene?!Başga bir tarapdanam näme üçin bolmaly däl?Sebäbi krossowka-da dizaýnerleriň eseri hemem olaryň pikirini aýakgaba siňdiren aýakgap ussalarynyň işi ahyry!

Bakygeldi Sytdyhowyň “Üç alma” atly beýleki bir natýurmortyny alyp göreliň.Onda ýaş nakgaş fotorealizm tilsimini ulanypdyr. Ýalpakgapda iki sany gök we bir gyzyl alma bar.Olar hiç bir düşündirişsizem owadan. Ýöne awtor onda zenan ýaşynyň üç tapgyryny: gyzjagaz, gyz we gelin döwrüni görýär. Ýeri gelende, Çeperçilik akademiýasynda ilkinji bolup fotorealizm usulyny talyp Agajan Rejebowyň ulanandygyny bellemek gerek.

Ol galamda halypasy “Heýkeltaraş Ýedi Medetow” portretini çekipdi.Bu iş şeýle bir çeper we täsirli çykdy welin, Akademiýanyň talyplarynyň bary onuň yşgyna düşdiler.Bakygeldi Sytdyhowam olardan kem galmady.

Sergide onuň galamda çeken işleri goýlupdyr, olardan has ýatda galyjylary “Kakam” we “Awtoportret” işleridir. -Baky, indi Çeperçilik akademiýasam yzda galdy.Indiki meýilleriňiz näme? -Gulluga gitjek. -Gaty gowy!Diýmek, ýakyn wagtda Bakygeldi Sytdyhowyň esger durmuşyndan suratlar tapgyry bilenem tanşyp boljakd-a.

Olara sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Ýene degişli makalalar

Çeperçilik akademiýasynda 2019-njy ýylyň iň güýçli işleriniň sergisi guraldy
Halk saz gurallary
TFF Merwiň täze transferleri barada maglumat berdi
Çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň iň gowy işleri sergi-bäsleşikde görkezildi
Halypalara sarpa
Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri