Bakuwda agzalygynda Türkmenistan hem bolan Turkic.World media platformasynyň ofisi açyldy

Bakuwda agzalygynda Türkmenistan hem bolan Turkic.World media platformasynyň ofisi açyldy

Duşenbe güni Bakuwda türki ýurtlaryň ilkinji bilelikdäki media platformasy bolan Turkic.World (Türki dünýäsi) taslamasynyň ofisiniň açylyş dabarasy boldy. Platforma eýýäm Kazinform halkara habar gullugy, Özbegistanyň UzA milli habarlar gullugy, Gyrgyzystanyň Kabar milli habarlar gullugy we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi goşuldy diýip, AZERTAC habar berýär.

Guramaçylaryň bellemegine görä, häzirki wagtda platformada 10 žurnalist işleýär. Ýylyň ahyryna çenli ýene 50 işgäri işe kabul etmek hem-de platformanyň radio we telewideniýe ýaly ugurlaryny döretmek meýilleşdirilýär.

Platformanyň başlygy Rufiz Hafizogly geljekki meýilnamalar barada aýdyp, belli syýasy şahsyýetler, wezipeli adamlar, taryhçylar, ähli doganlyk respublikalaryň dürli gahrymanlary barada habarlaryň yzygiderli berlip duruljakdygyny mälim etdi.

Indi Turkic.World saýty öz işini 8 daşary ýurt dilinde alyp barýar. Taslama iki ýyl bäri hereket edip gelýär we internet arkaly ýaýlyma berilýär, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň syýasaty, ykdysadyýeti, medeniýeti we jemgyýetçilik durmuşy barada, umuman, türki dünýäsi barada habarlar çap edilýär.

Taslama ilkinji gezek 2021-nji ýylda Stambuldaky Türki Hyzmatdaşlyk Guramasynyň media forumynda hödürlendi we 25-nji Halkara Işewürlik Forumynyň (IBF) resmi media hyzmatdaşy boldy. Turkic.World şeýle hem Teknofest 2022 aerokosmik inženerçilik we tehnologiýa festiwalynyň resmi media hyzmatdaşy bolup çykyş etdi.

Ýene degişli makalalar

28-nji noýabr
Ýykylan göreşden doýmaz
Guşaklaryny yzyna aldy
Boksda garaşylmadyk ýeňliş
Birinji raundda nokaut etdi
Deňlikde tamamlandy