Bakuda Obadan şähere atly ýarmarka açyldy

Bakuda Obadan şähere atly ýarmarka açyldy

Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Baku şäherinde Obadan şähere ýarmarkasy işe başlady diýip, MIR 24 habar berýär. Oňa ýurduň sebitleriniň 56-syndan fermerlerdir oba hojalykçylar öz önümleri bilen geldiler.

Pisse, badam, grek hozlary Azerbaýjanyň milli süýjülikleriniň esasy düzüm bölekleridir. Nowruz baýramynda paýtagtyň ýaşaýjylary olary şu ýarmarkada satyn alýarlar. Harytlaryň hili-de gowy.

Bu ýerde daýhanlar harytlaryny özleri-de satýarlar, şonuň üçin baha-da bazardakydan kän arzan.

Ýarmarkanyň guraýjylary şeýle çäreleriň fermerlere öz harytlaryny ýerlemekde we paýtagtyň ýaşaýjylaryny ter hem-de ekologik taýdan arassa önümler bilen üpjün etmekde oňat mümkinçilikdigini aýdýarlar.

Önümleriň hili oňat barlagdan geçirilýär, munuň üçin Azyk howpsuzlygy agentliginiň göçme laboratoriýasy jogap berýär.

Ýene degişli makalalar

Pisa diňi gaýtadan açyldy
Halaýan ýazyjy-şahyrlaryny mälim etdiler  
Iň gowy sowuk süýjülikler
Ýaşar Kemal
Germaniýanyň Goranmak ministri: "Goşunymyzyň ýurdy goramaga güýji ýok" diýdi
Jumaýew bilen Ömirow Portugaliýa gran-prisindäki çykyşlaryny tamamlady