Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Ermenistany täze bir uruşa taýarlyk görmek bilen günäkärledi.
TRT Rusça syýasat alymy Ilgar Welizade bilen sebitde dartgynlygyň artmagy ähtimallygynyň üstünde durup geçdi.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi ermeni tarapyna "Kelbejer ugrunda agyr ýaraglar, Towuz ugrunda kwadrokopter ulanmak bilen amala aşyrylan meçew bermeleri" ýatlatdy.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi bular ýaly görnüşli hereketleriň Ermenistan tarapyndan dowamly häsýetde amala aşyrylýandygyny aýdýar.Ministrlik: "ABŞ-nyň Ermenistanda geçirýän harby türgenleşigi, Fransiýanyň Ermenistany ölüm howply ýaraglar bilen üpjün etmegi we Ýewropa Bileleşiginiň Ermenistana Ýewropa Parahatçylyk Gaznasy ady bilen ilkinji tapgyrda 10 million ýewro gymmadynda kömek bermegi Ermenistany bular ýaly görnüşli meçew bermelere höweslendirýär we Azerbaýjana garşy täze bir uruş taýarlygyna eltýär" diýip habar berdi.
Ministrlik mundan başgada Ýeriwan we oňa goldaw berýänler "Günorta Kawkazda" täze bir uruşyň odunyň ýakylmagynyň öňüni alyp bilmese, Bakunyň hem şoňa meňzeş çäreler görjekdigi mälim edildi. Ermenistan günäkärlemeleri kabul etmeýär, Baku bilen aralarynda düşünişmezçilikleriň parahatçylykly ýollar bilen çözülmeginiň tarapdarydygyny beýan edýär.