“Bakjaly” hususy kärhanasy geçen ýyl 39 ýyl möhletli kärende esasynda 0,7 gektar ýer eýeçiligini aldy.
Kompaniýanyň hünärmeniniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berşi ýaly, Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň senagat zolagynyň çäginde ýerleşýän kärhana 2009-njy ýylda arassaçylyk kagyz süpürgiçlerini we hajathana kagyzyny öndürip başlady.
Häzirki wagtda kompaniýa “Aýnur”, “Ýelek”, “Asman”, “Akja”, “Çarlak”, “Ak peri”, “Reňkli”, “Peri” we “Perizat” haryt nyşanly süpürgiçleriň 9 görnüşini, “Akja” we “Ak guw” haryt nyşanly iki hem-de dört gatly kagyz süpürgiçleriniň, “Ýumşak” we “Akja” hajathana kagyzlarynyň birnäçe görnüşlerini, şeýle hem “Bähbitli” süpürgiçlerini öndürýär. Arassaçylyk önümleri ýokary hilli bolup, ýurdumyzyň bazarlarynda uly islegden peýdalanylýar.
Mundan başga-da, 2008-nji ýylda kompaniýa logistika hyzmatlaryny amala aşyrmak we halkara ýükleri daşamak üçin ygtyýarnama aldy. Häzirki wagtda kompaniýanyň transport serişdeleri 29 ulagdan, şol sanda 24 tonna göterijilikli 8 sany DAF ýük awtoulagyndan ybaratdyr.
2017-nji ýylda kompaniýa täze iş ugruny, ýagny ürgün önümleriniň gaplanylyşyny, esasanam kakao we ereme şireleriniň gaplanyşyny ýola goýdy.