Mälim bolşy ýaly, 25—27-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň nebiti we gazy (OGT-2023) XXVIII halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Dünýäniň energetika we senagat pudaklarynda çözgütleri hödürleýän tehnologiýa kompaniýasy bolan Baker Hughes bu iri halkara energetika çäresiniň kümüş hemaýatkäri boldy.
Baker Hughes müşderilerine zyňyndylary azaltmak maksatlaryna ýetmäge kömek etjek ýokary täsirli, pes uglerodly çözgütleri hödürlemek bilen, energiýa geçişine ünsi jemlemegi maksat edinýär. Baker Hughes 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda öz işlerinde uglerody 2030-njy ýyla çenli 50 göterim, 2050-nji ýyla çenli bolsa 100 göterim azaltmak borjuny yglan eden ilkinji kompaniýalaryň biri boldy.
Baker Hughes tehnologiýany howpsuz we ekologiýa taýdan arassa ulanmak bilen Türkmenistanda, gury ýerde bolşy ýaly, Hazar deňziniň şelfinde nebit we gaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek boýunça iş alyp barýar.
Buraw, ätiýaçlyk baha bermek, ýatak özleşdirmek kompaniýanyň Türkmenistanda hödürleýän hyzmatlarynyň diňe bir bölegidir. Ol gaz daşamakda we Keýmir ýatagyndaky ýangyç göteriji stansiýa ýaly beýleki taslamalar üçin turbokompressor enjamlaryny getirmekde hem möhüm orun eýeleýär.
OGT-2023 halkara energetika forumy Türkmengaz, Türkmennebit döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasy, GafneyCline britan kompaniýasynyň goldamagynda Türkmen Forum bilen bilelikde guralýar.
Ozal CNPC kompaniýasynyň bu iri halkara energetika forumynyň platina hemaýatkäri bolandygyny habar beripdik.