Bahtiýar Wahabzade

Bahtiýar Wahabzade

Bahtiýar Wahapzade diňe bir Azerbaýjanyň däl, bütin türki düýäniň akylzadalaryndan biridir. Şahyr ýazan şygyrlary we egilşiksiz göreşi bilen halkynyň garaşsyzlyk düşünjesini ösdüren lider hökmünde taryhda yz galdyrdy.Bahtiýar Wahapzade 1925-nji ýylyň 16-njy awgustynda Şekide dünýä inýär.

Bakuwda orta mekdebi tamamlandan soň lukmançylyk fakultetine okuw giren hem bolsa, Bakuw Döwlet uniwersitetinin filalofiýa fakultetinde okamagy saýlap alýar we ol ýerde asisent bolup galýar. 1951-nji ýylda ylymlaryň doktory, 1964-nji ýylda dosent, 1965-nji ýylda professorlyk derejesini alýar.

Bahtiýar Wahapzadäniň edebiýada bolan gyzyklanmasy ýaşlyk ýyllarynda başlaýar.Ol, ilkinji goşgularyny 1945-nji ýylda çap edýär we şol ýyl Azerbaýjanyň Ýazyjylar bileleşigine agzalyga kabul edilýär. Şygyra bolan höwesi hasam artýar we 40-dan gowrak goşgy kitaby, 11 ylmy eseri, 2 monografiýasy, köp sanly pýessalary we ýüzlerçe makalalary çap edilýär.

Onuň edebi şahsyýteti şol bir wagtda-da Azerbaýjan halkynyň taryhy we medeni göreşiniň beýanydyr. Şygyrlarynda watan, azatlyk, adalat we millet düşünjesini ileri tutýar.Wahapzadäniň meşhur goşgularyndan biri bolan 1959-njy ýylda çap edilen “Gülüstan”, Azerbaýjan edebiýatynda aýratyn uly orun tutýar.

Wahapzada şol goşgusynda Azerbaýjanyň Eýran bilen Sowet Russiýasynyň arasynda bölüşilmeginiň simwoly bolan temany işleýär. “Gülüstan”, döwrüň Sowet dolanşygyna garşy ýazylan iň batyrgaý eserlerinden biri kabul edilýär.Bahtiýar Wahapzada şol eseri bilen milli düşünjä uly goşant goşýar we halkyny, dilin, hem-de medeniýetini gorap saklamak ugrunda uly başlangyç edýär.

Wahapazada Sowet dolanşygynda 1980-1985-nji we 1985-1990-njy ýyllaryň aralygynda Azerbaýjanyň halk deputaty bolýar. Azerbaýjanyň garaşsyzlygyny almagyndan soň hem dünýeden ötýänçä Milli Mejlisde wezipesini dowam etdirýär. Akademiýa we syýasat onuň durmuşynda aýratyn uly orun tutýardy. Emma onuň adyny beýgelden edebiýat we şygyr bolýar.

Wahapzada diňe bir Azerbaýjanda däl, bütin türki dünýäde çuňňur yz galdyran adamlardan biridir. Onuň goşgulary türki dünýäde-de giňden bilinýär. Onuň goşgulary türki halklaryň umumy gam-gussasyny, göreşini we arzuw-hyýalyny beýan edýär. Türkiýede, Gazagystanda, Gyrgyzstanda, Özbegistanda Wahapzadäniň goşgulary halanyp, okalýar. Dilden dile gezýän goşgular ýazan Bahtiýar Wahapzade, 2009-njy ýylyň 13-nji fewralynda Bakuwda dünýeden ötýär.

Bahtiýar Wahapzadäniň eserleri dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, halkara platformalarda tanyşdyryldy.Goşgulary diňe bir Azerbaýjanyň däl, bütin adamzadyň duýgularyny beýan edýändigi üçin ähliumumy gymmatlyga eýedir. ÝUNESKO ýaly halkara guramlary tarapyndan hem ykrar edilen şahyr, parahatçylyk we adam hukuklary temalarynda-da çykyşlar edipdir.

Bahtiýar Wahapzadäniň “Meniň ene dilim” atly goşgusynda watanyna, ene diline bolan sögüsi onuň edebi şahsyýetiniň we göreşiniň beýany ýalydyr:

“Namysdan bihabar, wyždandan daşda,

Wezipe kürsisi dertdir saňa.

Watanyň dilini söýmeýän pespäl,

Watanyň çöregi haramdyr saňa!”

Ýene degişli makalalar

TÜRKSOÝ Magtymgula bagyşlanan düzme bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi
Derňewler Moskwada türkmen pasportlarynyň galplaşdyrylmagyna ünsi çekýär
Özbegistanyň Daşary işler ministrliginde diplomatik işini tamamlaýan Türkmenistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanda ahalteke atlarynyň marafony geçirildi, Urumçiden Aşgabada dowamly howa gatnawlary gaýtadan dikeldildi, üç sany türkmen kinofilmi Koreýadaky festiwala iberildi we beýleki habarlar
Owganystana Goňşy Ýurtlaryň Daşary Işler Ministrleri Özbegistanda Jemlenişdi
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary owgan meselesine bagyşlanan duşuşyga gatnaşdy