Türkmen paýtagtynyň Halkara aeroportunda ýokary derejeli myhmany Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we ýurduň daşary işer ministri Reşit Meredow garşy aldy.TDH-nyň maglumatlaryna görä, bu döwlet saparyna gabatlanyp, Aşgabatda ilkinji türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi.
Oňa taraplaryň döwlet strukturalarynyň, maliýe we bilim edaralarynyň hem-de söwda, gaz, nebit, himiýa, tekstil, telekommunikasiýa, turizm we beýleki pudaklaryň iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşypdyr. 18-nji martda Bahreýniň patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Aşgabadyň “Oguz han” köşkler toplumynda iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň arasynda geçirilen ýokary derejeli ikiçäk duşuşyklardan soň, taraplaryň resmi delegasiýalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen gepleşikler geçirildi.Türkmenistanyň prezidenti Bahreýniň kompaniýalaryny Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle-de, Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady we söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlyklary ösdürmegiň çäginde, Türkmenistanyň tekstil önümlerini Bahreýne eksport etmegiň mümkinçiliklerini seretmegi, iki ýurduň işewürleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegi, transport-tranzit ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegi we beýleki käbir telipleri hödürledi.
Türkmenistan bilen Bahreýniň döwlet düzümleriniň we kompaniýalarynyň arasynda 11 sany özara düşünişmek boýunça Memoranduma, Bahreýniň “Gulf Petrochemical Industries” senagat kompaniýasy bilen Türkmenistanyň “Türkmengaz” hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň arasynda iki sany “Ýaşyrynlyk hakynda Ylalaşyga”, özara düşünişmek hakyndaky Memorandumlara, şeýle-de Türkmenistanyň hökümeti bilen Bahreýniň hökümetiniň arasynda diplomatik, gulluk we ýörite pasportlarynyň eýelerini wiza talaplaryndan özara boşatmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi.
Iki ýurduň şu döwlet düzümleri we käbir kompaniýalary özara düşünişmek boýunça Memoranduma gol çekdi: Türkmenistanyň hem-de Bahreýniň hökümetleri şu ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek Memorandumyna gol çekdiler: Gol çekilen bu ylalaşyklaryň iş ýüzünde getirjek bähbitleriniň türkmen halkyna gönüden-göni nähili oňyn täsir ýetirjegi mälim däl.
Türkmenistanyň döwlet mediasy arap dünýäsiniň Türkmenistana gyzyklanma bildirýändigini aýdýar.Bahreýniň patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy bilen Aşgabada bardy.Türkmen prezidenti Bahreýniň patyşasyny “Bitaraplyk” ordeni bilen sylaglady.
Türkmenistan bilen Bahreýniň patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylda ýola goýuldy.Mundan ozal, 2011-nji ýylda Berdimuhamedow Bahreýin patyşalygyna resmi sapary amala aşyrypdy.