Türkmenistanly agyr atletikaçylar Bahreýniň Manama şäherinde geçirilen Aziýanyň çempionatynda medallaryň ikisine mynasyp boldular.
Zenanlaryň arasynda 71 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Gülnabat Kadyrowa agyrlygy silterläp galdyrmakda 102 kilogramlyk netije görkezip, özüne degişli bolan milli rekordymyzy 5 kilogram artdyrdy.Bu netije onuň kiçi kümüş medala mynasyp bolmagy üçin hem ýeterlik boldy. Ştangany itekläp galdyrmakda 117 kilogramlyk sepgide ýetip bilen Gülnabat bu gezek öz agram derejesinde ilkinji dörtlüge girdi. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça G.Kadyrowanyň umumy netijesi 219 kilograma ýetdi.
Bu bolsa ildeşimize ýaryşyň kümüş medalyny bagyşlady.
Başga bir ildeşimiz ― 49 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Ýulduz Jumabaýewa-da yklym çempionatyny goşa medal bilen tamamlady. Ýulduzuň itekläp galdyrmakdaky (97 kilogram) we iki görnüşiň jemi boýunça (172 kilogram) bürünç medala mynasyp boldy. 24 ýaşly türgeniň 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyp, dünýäniň çempiony bolandygyny ýatladýarys.
Indi Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy 5 ― 16-njy dekabr aralygynda Kolumbiýanyň Bogota şäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görer.