Bahreýn patyşalygynyň Diwany 49 ýyldan bäri dünýäde iň köp hökümet baştutany bolup işlän döwlet işgäri Halifa bin Salman Al Halifanyň 85 ýaşynda aradan çykandygyny habar berdi.
Bahreýniň resmi habar gullugy BNA-nyň habaryna görä, Bahreýn patyşalyk Diwany premýer-ministr Halifa bin Salman Al Halifanyň ABŞ-da bejergi alýan keselhanasynda aradan çykandygyny habar berdi.
Bahreýn patyşalygynda bir hepde ýas yglan edildi, döwlet baýdaklary aşak düşürildi, we döwlet edaralaryny şu günden başlap üç günläp ýapmaklyk karar edildi.
Bahreýn patyşalygynyň premýer-ministri Al Halifa 1971-nji ýyldan bäri hökümet baştutany wezipesinde işledi.
Al Halifa 1962-nji ýylda Manama şäheriniň häkimi, 1970-nji ýylda Döwlet Geňeşiniň başlygy we 1971-nji ýylda ýurt garaşsyz bolanyndan soň Bahreýn şasy Şeýh Isa bin Salman Al Halifa tarapyndan Bahreýniň premýer-ministri wezipesine bellenildi.