Bahram Dolyýew: Ýozef Ioahimiň skripka sungaty ýörelgesini dowam edip

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kirişli saz gurallary kafedrasynyň mugallymy, skripkaçy Bahram Dolyýewiň ady nusgawy saz sungatynyň muşdaklaryna tanyş bolsa gerek.Ol tanymal halypa, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nikolaý Amiýansyň şägirdi, halkara saz festiwallaryna we bäsleşiklerine, şeýle hem TMK-nyň guraýan konsertleriniň ählisine gatnaşyjy, Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Dölwet simfoniki orkestriniň we Ýaşlar kamera orkestriniň hatarynda çykyş etdi.

Häzirki wagtda ol Tahyr Ataýewiň döreden orkestriniň birinji skripkaçysy. Şu ýyl Bahram Dolyýew döredijilik işgärleriniň arasynda Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginde Prezident baýragyna mynasyp boldy.Bahramyň repetesiýalarynyň we konsertlerde çykyşlarynyň känligine garamazdan maňa onuň bilen duşuşmak hem-de skripka sungaty älemine gelşi, ady rowaýata öwrülen Ýozef Ioahimiň sazandarlyk mekdebi bilen näme baglanşygy barada söhbetdeş bolmak başartdy. -Çagalykda oglanjyklar futbol, tennis, boks, göreşiň dürli görnüşleri, ýörüşler, şuňa meňzeş gaýry zatlary halaýarlar, ýöne Siz welin skripkany saýlapsyňyz... -Muňa ejem sebäp boldy, sonuň üçinem oňa minnetdarlygymyň çägi ýok!

Ol çaga döwrüm bolan bir ýagdaý bilen baglanşykly boldy.Bir gezek bize ata tarapdan garyndaşymyz tanymal Durdy Myradowdan (Durdy bagşydan) sapak alan ussat dutarçy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Durnazar Hudaýberenowyň ogly Döwletmyrat Hudaýberenow myhmançylyga gelipdir.

Men onuň dutarynyň golaýyna emedekläp barypdyryn-da, onuň kirişlerini dişläp ugrapdyryn.Agam maňa Sazanda bolar! -diýipdir.Ejem şondan birnäçe ýyl geçensoň agam akkordeonda saz çalanda owazly hiňlenýändigime üns beripdir. 6 ýaşym dolandan ol meni Ýörüte sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy Gözel Gurbanowna Seýitnyýazowanyň ýanyna äkitdi.

Ilkinii halypam kä gowy üstünligim üçin öwse, käte gaharlanyp käýinerdi.Okuwda kynçylyk çekmezdim, şol sebäplem ençeme sagatlap meşgullanmazdym-da, arakesmelerde gyssagara taýýarlanardym.Gözel Gurbanowna bolsa zähmet çekmeseň diňe zehinden haýyr ýokdugyny düşündirjek bolýardy...

Indi ol ozalkysy ýaly kä öwüp, kä käýinip, oglum Mälikgula skripka çalmagy öwredýär. Ýöne konserwatoriýa okuwa girip, Nikolaý Artemýewiç Amiýansdan sapak alyp ugranymdan, okuwa garaýşym düýpgöter özgerdi. -Oňa näme sebäp boldy? -Nikolaý Artemýewiç belli Russiýa skripka mekdebiniň wekili.

Ol Ilýa Lukaşewskiniň şägirdi, olam Ioannes Nalbandýanyň, o-da, öz gezeginde, Ýozef Ioahimiň şägirdi. Şonuň üçinem özümi Ioahimiň döredijilik maşgalasynyň agzasy hasaplap bilerin, ýöne ol köp zada borçly hem edýär.

Galyberse-de, Nikolaý Artemýewiç eline skripka alyp, saz çalyp ugrandan, men onuň derejesine ýetjek bolsam, irniksiz köp işlemelidigime düşündim.Kärime höwes we kämilleşmäge isleg döredi, soňam sahna söýgim oýandy.

Konserwatoriýada okaýan döwrüm biz daşary ýurtlarda köp çykyş edýärdik.Fransiýada, Italiýada, Türkiýede, şeýle hem GDA ýurtlarynda çykyş etdik. 2017-nji ýylda Wenada, dünýä belli Brams zalynda skripka sungatynyuň ägirdi Wiktor Tertýakow, 2018-nji ýylda bolsa Bosniýada we Gersegowinada Sergeý Dogadin bilen bir sahnada çykyş etmek miýesser etdi. 2010-njy ýyldan bäri türki halklaryň medeniýeti halkara guramasynyň Baş sekretary Dýusen Kaseinow ýylda iki gezek TÝuRKSOÝ-yň howandarlygynda geçirilýän saz çärelerine zehinli ýaş sazandalary çagyrýar.

Nury Halmämmedow adyndaky Moskwa halkara sungatlar festiwalynda hemişe türkmen sazandalaryny mähirli garşylaýarlar, çünki olara milli kompozitorlyk mekdebiniň genisiniň eserleriniň özboluşly owazlaryny diňleýjilere festiwala beýleki gatnaşyjylardan has çeper ýetirmek başardýar.

Indiki ýylam bäsleşiklere gatnaşmagy göz öňünde tutýaryn.Häzirki wagtda pianinoçy Bahar Annadurdyýewa bilen solo çykyşymyzy taýýarlaýarys, onda Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň Skripka we orkestr üçin konsertini we Ýan Sibeliusyň üç bölümli adybir Konserti bolar. -Siz durmuşyňyzyň başgaça-da bolup biljekdigi barada pikir etdiňizmi? -Çaga döwrüm serkerde bolmagy arzuw etsemem, sazanda boldum.

Näme üçin beýle bolýandygyny bilemok: bile okan ýoldaşlarymyň köpüsi ökde sazanda bolmagyň arzuwyndady, emma telekeçi ýa-da lukman boldular.Onuň alyhezreti Tötänlik durmuşyňy düýpgöter üýtgedip goýberýär...Bagtyma skripka hem yhlasym, hem ykbalym.

Bar wagtymy repetisiýalaradyr çykyşlara, halkara festiwallaryna we bäsleşikerine berýän.Başgaça aýtsam, mugallymlarymyň derejesine laýyk we türkmen skripka mekdebine mynasyp wekilçilik etjek bolýaryn.Oglumam kärimi dowam edip, Ýözef Ioahimiň döreden sazandarlyk ýörelgesini dowam eder diýip umyt edýärin.

Ýene degişli makalalar

Nikolaý Amiýansyň okuwçylary Ussadyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap konsert berdiler
"Kamerata Aşgabat" toparynyň ilkinji konserti geçirildi
Lýudwig wan Bethowen: çäksiz zehinden dörän sazlar
Baky saz ýaňlanar...
Aýdym-saz sungatynyň türkmen we azerbaýjan wekilleri bilelikde onlaýn-konsert berdiler
Türkmenistanly sazandalar Dutaryň owazy gözden geçirilişiniň baýragyna mynasyp boldular