Bagyrda hususy jaýlar ýykylýar

Bagyrda hususy jaýlar ýykylýar

Aşgabadyň häkimiýetleri Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän hususy ýaşaýyş jaýlaryny ýykyp başladylar. Şäher häkimliginiň wekilleri sebit ýaşaýjylaryna hökümetiň bu jaýlary ýykmak kararyna gelendigini aýdýarlar we jaýlary ýykylan raýatlara Büzmeýin şäherinden kwartiralaryň beriljekdigini dilden wada berýärler, ýöne bu barada resmi hat gowşurmaýarlar. Bu barada sebit ýaşaýjylarynyň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyna gürrüň berdi.

“Jaý ýykyşlygyna Bagyryň Gökje ýaşaýyş toplumy bilen serhetleşýän ýerinden başlapdyrlar. Köçäniň gaýra (demirgazyk) tarapynda Gökje, ileri tarapynda Bagyr ýerleşýär. Bu ýerde täze gurlan iki gatly hojalyk jaýlary bar. Häzire çenli 10-dan gowrak jaý ýykylypdyr” diýip, habarçymyz 30-njy oktýabrda aýtdy.

Sebit ýaşaýjylarynyň birnäçesiniň anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň bermegine görä, şäher häkimliginiň wekilleri öýlere aýlanyp, olara hojalyk jaýlarynyň ýykyljakdygy barada resmi hat gowşurypdyrlar.

“Hata jaý eýesiniň goly goýdurylyp, onuň bir nusgasy özüne berildi, birini hem häkimlik wekilleri alyp galdy. Şeýle-de, olara jaýlarynyň öz serişdeleriniň hasabyna ýykyljakdygy barada bir aý möhlet berildi” diýip, jaý eýeleriniň biri gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, häkimligiň wekilleri Bagyrdaky jaýlary şu ýylyň ahyryna çenli doly ýykmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýdýarlar. Sebitde müňe golaý hojalyk jaýy bolup, olaryň arasynda Nusaý galasynyň töwereginde ýerleşýän jaýlar hem bar.

“Bagyrda ýykylan jaýlaryň deregine dynç alyş şypahanalaryny gurmak göz öňünde tutulýar” diýip, ýerli ýaşaýjy häkimlik resmisiniň aýdan sözlerini sitirledi.

Ýaşaýjylar jaýlaryň ýykyljakdygy barada il arasynda köpden bäri myş-myşlaryň bardygyny aýdyp, soňlarynyň şeýle boljakdygyna eýýäm öňden bäri garaşýandyklaryny belleýärler.

“Ahyry myş-myşlar amal edilip başlandy” diýip, ýaşaýjy belledi.

Häkimligiň wekilleri jaýy ýykylýan ýaşaýjylara Büzmeýin şäherinden kwartiralaryň beriljekdigini dilden wada beripdirler, ýöne bu barada resmi hat gowşurmandyrlar.

“Resmileriň dilden berýän wadalaryna hiç hili ynamyň ýokdugyny hemme kim bilýär. Sebäbi paýtagtyň beýleki etrapçalarynda bolan jaý ýykyşlyklarynda bolşy ýaly, hojalyklaryň aglabasy täze beriljek jaýlara ençeme ýyllap garaşmaly we kireýine öýlerde ýaşamaly boljakdyklaryny bilýärler” diýip, sebit ýaşaýjysy ýokary wezipelerde garyndaşlary ýa tanyşlary bolan jaý eýelerine eýýäm Büzmeýin şäherindäki köp gatly jaýlardan kwartira berlendigini hem belledi.

Bagyrdaky hojalyk jaýlarynyň aglabasy mundan 20-40 ýyl ozal gurlan bolsa, käbirleri soňky onýyllygyň dowamynda bina edildi. Olaryň arasynda kaşaň-kaşaň iki gatly jaýlar hem bar.

“Käbir adamlar howlusynda lemon ösdürip ýetişdirmek üçin goşmaça ýyladyşhana gurupdylar. Käbirleri bedene guşuny köpeltmek üçin ýörite niýetlenen otaglary gurupdylar. Häzir ilatyň ähli azaby, çykdajysy puja çykýar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada şäher we Büzmeýin etrap häkimliklerinden kommentariý almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 30-njy oktýabrda telefon arkaly eden yzygiderli synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Soňky iki onýyllygyň dowamynda paýtagt Aşgabatda we onuň eteklerinde müňlerçe köp gatly we hususy jaý ýykyldy. Bu jaýlaryň deregine köplenç täze seýilgähler, hökümet binalary ýa-da ilat arasynda “elita jaýlar” atlandyrylýan köp gatly ýaşaýyş jaýlary gurulýar.

Geçen ýylyň martynda Aşgabatda Teke bazaryň golaýynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarynyň, fewralynda bolsa şäheriň merkezinde ýerleşýän dört gatly jaýlaryň ýykylýandygy barada habarçylarymyz maglumat berdiler.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi ýykylan jaýlarynyň öwezine kompensasiýa alyp bilmeýändiklerini ýa özlerine berilýän jaýlaryň köplenç şäheriň çetki etrapçalarynda ýa-da eteklerinde ýerleşýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurtda millionlarça amerikan dollary möçberinde serişde harçlanyp gurulýan täze ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar barada yzygiderli habar berýär. Ýöne resmi media ýykylýan jaýlar we jaýlary ýykylan ýaşaýjylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada maglumat bermeýär.

Soňky ýyllarda Aşgabatda köpçülikleýin jaý ýykyşlyklary şäheriň merkezi etrapçalaryndan başga-da, Çoganly, Berzeňňi, 1-nji maý we Pöwrize ýaşaýyş toplumlarynda boldy. Bularda müňlerçe hojalyk häkimiýetleriň jaý ýumrulşyklaryndan ejir çekdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Buzmeýinde ýumrulýan jaýlaryň ýaşaýjylayna Arkadagdan jaý hödürlenýär
Paýtagtyň Magtymguly köçesinde ýaşaýyş jaýlar ýumrulýar
Çeşmeler: Bagyrda, Gökjede jaý ýykyp Aşgabat-sitini gurmak planlaşdyrylýar
Söz ussady Pyragy - halkyň öçmez çyragy
Ösümlik bitine meňzeş mör-möjekler Aşgabadyň käbir sebitlerinde hem ýaýraýar
Aşgabadyň eteginde tok 'bökýär'. Ýaşaýjylaryň hojalyk enjamlaryny goramak aladasy artýar