Bagyr ýaglanmasynyň öňüni almagyň tebigy ýollary…

Bagyr ýaglanmasynyň öňüni almagyň tebigy ýollary…

Zyýanly iýmitlenme endikleri we hereketsizlik, ýaglanma, süýji keseli, alkogol içmek, tiroid mäziniň az işlemegi ýaly sebäpler bagyryň ýaglanmasyna sebäp bolýar.

Bagyrda üýşen ýag, bagyr sirozundan ýürege çenli agyr hassalyklara sebäp bolýar.

Iýmitlenmä üns beriň

Kadaly iýmitlenmek we garbanarlyk, daşarda satylýan çörek önümleri hem-de datlylar ýaly iýmitlerden daşda durmak bagyryň ýaglanmagynyň mukdaryny azaldýar. Günde ter gök we miwe, towuk etini we balyk hem-de süýmli azyklaryň sarp edilmegi iňňän möhüm.

Esasanda bagyrdan toksiki maddalaryň bölünip çykarylmagy üçin möwsüminde artişok sarp etmek iňňän peýdalydyr. Sogan, kelem we brokoli hem bagyr üçin goldaýjydyr. Artykmaç semizligiň 10 göterimini aýyrmak, bagyra üçin iňňän peýdalydyr.

Ortaýer deňizi berhizi ýaly zyýansyz ýaglar, balyk we bakja önümleri taýdan ýokary we mal eti taýdan az adaty berhizleri saklaň. İşlenen azyklary çäklendiriň we şekerli içgilerden daşda duruň.

Bakja önümlerini, kepekli galla önümlerini, gabykly iýmişleri we tohum ýaly düzüminde ýokary süým bolan azyklary sarp ediň.

Omega 3 ýagynyň aşgarlary

Balyk, hoz ýaly omega-3 ýaglarynyň ýokary bolan azyklaryny iýmek bagyrdaky ýagyň azalmagy taýdan peýdalydyr. Hedede 2-3 gezek gyzylbalyk we sardina ýaly ýagly balyklary iýmegi ahmal etmäň. Her gün çig funduk, çig badam, gabykly iýmişleri çigligine iýiň. Gerek bolan halatynda goşmaça omega-3 almak bagyrdaky ýag holesterinini azaldar.

Alkogoldan çetde duruň

Alkogol, bagyra iň zyýanly elementlerden biridir. Alkogol sebäpli bedende emele gelýän toksiki maddalar bagyr ýaglanmasyny we ýüze çykýan bagyr sirozunynyň mukdaryny artdyrýar. Ölüme sebäp bolýan hassalyklara sebäp bolýar. Şol sebäpli alkogoldan hökmany suratda çetde durulmaly.

Yzgiderli maşk ediň

Günde azyndan 30 minut sport we maşk etmek ganyň aýlanyşyny artdyryp, insuline bolan garşylygy hem-de garynyň töwereginde emele gelen ýagy azaldar. Şeýlelikde bagyrdaky ýagyň mukdary hem azalar. Kadaly maşk edip, şeýle biynjalyklyklardan gutularsyňyz.

Lukmanyň gözegçiligi

Süýji keseli, tiroid mäziniň kadaly işlemezligi we holesterini ýokary bolan hassalaryň 6 aýlyk möhletler bilen kadaly ýagdaýda lukmana görünmegi möhüm. Şol hassalyklaryň bejergisi bagyr ýaglanmasyny we bu hassalygyň agyrlaşmagynyň öňüni alýar.

Her gün bir çaşka kofe

Kafeiniň bagyr ýaglanmasynyň öňüniň alynmagy üçin peýdalydygy ylmy barlaglar bilen subut edildi. Onuň sebäbi anti-inflamatuar täsirleri ýa-da bagyrda ýagyň ýygnalmagynyň öňüniň alynmagy bolup biler. Günde bir çaşka kofe içýänlerde, içmeýänlere görä bagyr ýaglanmasynyň azdygy görülýär.

Limon

Bir käse suwa ýarym limony sykyp, birnaçe hepdäniň dowamynda günde 2-3 gezek içmek bagyryň ýaglanmagynyň aýrylmagy üçin peýdaly bolar.

Alma sirkesi

Bir käse ýyly suwa bir nahar çemçesi tebigy alma sirkesini goşup, her gün nahardan öň 2 gezek içmek peýdaly. Eger isleseňiz bir çaý çemçesi bal goşup, tagamlandyryp bilersiňiz. Onuň peýdaly bolmagy üçin kadaly dowam etdirmek maslahat berilýär.

Zerdeçal

1 çaý çemçesi üwelen zerdeçaly bir käse suwa goşup, gaýnadyň we birnäçe hepdäniň dowamynda günde iki gezek içiň.

Gök çaý

Her gün kadaly ýagdaýda 2-3 käse gök çaý içmek, alkogolly içgi sebäpli bolmadyk bagyr agyrysyna peýdalydyr.

Çopantelpek

Çopantelpek çaýyny günde 2 gezek içmek bagyryň ýaglanmagynyň öňüni alar. Çopantelpek çaýy yzgiderli içilen halatynda has gowy netije berer we şeýle biynjalyklyklary ortadan aýyrar.

Ýene degişli makalalar

Bagyr ýaglanmasynyň tebigy taýdan öňüni alyş usullary
Bagyr ýaglanmasyna tebigy çözgütler
Ähli taraplaýyn glutation
Bamiýanyň tohumynyň peýdalary…
Katmer kafesi: türk süýjülikleriniň täze serhetlerini açyň
TFF-niň kubogy: Merw bilen Altyn asyr ýoluny ýitgisiz dowam edýär