BAGTYÝAR NESILLERDE BAGTLY PURSATLAR

BAGTYÝAR NESILLERDE BAGTLY PURSATLAR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Beýik Serdar nesilleri çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda Bagtyýar nesillerde bagtly pursatlar ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Gökderedäki çagalar sagaldyş dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalar, tebigat gözellikleri bilen gojaman daglardan towlanyp akýan çeşme-çaýyň salkyn jülgesinde özleriniň iň bir gyzykly, ýatda galyjy, şadyýan pursatlaryny başdan geçirýändikleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphana hünärmenleri kalby päkize körpeleriň arasynda Türkmen halk ertekileriniň ýaş nesillerimizde Watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, gahrymançylyk, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly gowy häsiýetleriň kemala gelmegine uly ýardam etýändigi barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň medeniýetli dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY ATLY KITABY ESASYNDA
HALK DÖREDIJILIGITERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY
ÇAGALARYŇ TERBIÝESINDE ERTEKILERIŇ ÄHMIÝETI
Türkmen tebigatynyň gözelligi
Magtymgulynyň eserleri eýýamlara şamçyrag
Çagalar biziň ýagty geljegimizdir