BAGTYÝAR NESILLER-ÝURDUŇ GELJEGI

BAGTYÝAR NESILLER-ÝURDUŇ GELJEGI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Gökderedäki Nesil sagaldyş we dynç alyş merkezinde Bagtyýar nesiller-ýurduň geljegi atly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz tagallalary bilen ýurdumyzyň ýagty geljegi bolan çagalaryň her bir gününiň, aýratyn hem tomusky dynç alyş möwsüminiň ýokary derejede geçmegini üpjün etmek üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredildi.

Gökderede gurlan sagaldyş we dynç alyş merkezleri özüniň kaşaňlygy, owadanlygy, ähli taraplaýyn amatlylygy bilen göreni haýran galdyrýar. Çar tarapy gojaman daglary etekläp, gök-begrese bürenen, täsin, jana şypaly tebigaty bar.

Bu ýerler çagalaryň ähli isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwrüldi.Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasy taglymaty bilen terbiýelenýän bu günki nesil Watanyň we milletiň, halkyň we döwletiň hatyrasyna juda köp işleri bitirmäge taýýar nesil bolup ýetişer.

Gözel Diýarymyzda çagalaryň her bir güni bagtyýarlyga beslenýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞYGY
Gahryman Arkadagymyzyň Hakyda göwheri — ylymlaryň şamçyragydyr atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa sapary başlandy
Türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi
Türkmen-eýran medeni dostlugy