Bagtyýar döwrümizde aýdym-saz sungatynyň sarpasy

Bagtyýar döwrümizde aýdym-saz sungatynyň sarpasy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Bagtyýar döwrümizde aýdym-saz sungatynyň sarpasy ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halk aýdym-saz sungatynda beýik halypalarymyzyň çeken päk zähmeti, siňdiren taýsyz zehini, bu günki gün bellentden sarpalanýandygy, türkmen aýdym-saz sungatyny arşa galdyran ussat bagşy-sazandalarymyzyň hakydalarda hem kalplarda müdümi ýaňlanjak aýdym-sazlary, häzirki kämil saz sungatymyzyň özenine, daýanjyna öwrülenligi barada belläp geçdiler. Şeýle-de halypalaryň döreden bu beýik ýoly ýaş sungat ussatlaryny, häzirki nesiller üçin ýol-ýörelge bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Ösümlik bitine meňzeş mör-möjekler Aşgabadyň käbir sebitlerinde hem ýaýraýar
TFF-niň kubogy ― 2023: Merw bilen Şagadam ikinji ýeňşini gazanmak üçin meýdana çykýarlar
TFF-niň kubogy: 1-nji tapgyryň duşuşyklarynyň geçiriljek ýerleri we başlanjak wagtlary belli boldy
Tennis boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty başlandy, Aşgabat seýilgähinde Puşkiniň doglan güni bellenildi, türkmen lukmanlary Owganystandaky ynsanperwer missiýanyň çäklerinde 700-den gowrak adama kömek berdiler we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrunda ýaryş geçiriler
Gulbaba Akyýewi ýatlap
“Aşgabat arzuwlaryň ak şäheri ”