'Bagtyýar' çagalygyň kösençli körpeligi baý ýurda 'gelişmeýär'

'Bagtyýar' çagalygyň kösençli körpeligi baý ýurda 'gelişmeýär'

“Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr” diýip, Türkmenistanyň prezidenti 1-nji iýunda ýurduň halkyny we çagalaryny Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady. Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedow bu güne gabat Gökdere jülgesindäki, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky, sebitlerdäki döwrebap çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine badalga berilýändigini aýtdy.

Emma synçylar ýurduň ç agalarynyň baýlaryň we garyplaryň çagalary diýen iki topara bölünendigini we eli ýuka maşgalalaryň gurply maşgalalara garanda juda kändigini, pes girdejili maşgalalaryň çagalarynyň dynç almaga ýagdaýynyň bolmaýandygyny aýdýarlar.

Türkmen hökümeti ýurtdaky ykdysady kynçylyklar we işsiz ýa-da pes gazançly ene-atalaryň çagalarynyň, ýakyn hossarlarynyň biriniň biwagt ölmegi, uzak ýyllyk türmä basylmagy, daşary ýurtlara iş gözläp gitmegi sebäpli aýralyk zaryny çekýän ýaşlaryň ýüzbe-ýüz bolýan durmuş synaglary, bilimdäki korrupsiýanyň olaryň geljekki ykbalyna ýetirýän täsiri barada çykýan habarlara açyk reaksiýa bildirmeýär.

Maý aýynyň aýagynda bellenilýän soňky jaň dabaralary bilen çykan resmi habarlardan belli bolmagyna görä, Türkmenistanda bu ýyl mekdebi tamamlan ýaşlaryň sany 82 müň çemesi boldy. Öňki ýyllarda türkmen metbugaty mekdepleri 110 müňe çenli uçurymyň tamamlandygyny habar beripdi.

Şu aralykda, sosial ulgamlardaky işjeňlikleri üçin öç alynmagyndan gorkýan we lakam ulanýan türkmenleriň käbiriniň twitterde paýlaşan iki sany suraty, altmyşdan agan ýerli synçynyň pikiriçe, oba çagalarynyň durmuşynda sowet döwrüniň 70-nji ýyllaryndan bäri kän üýtgeşikligiň bolmandygyny yşarat etdi.

Gürrüňi edilýän suratlarda obada, bulanyk suwly ýapda suwa düşýän çagalar we agaçdan asylan gumly haltany ulanyp, elliksiz boks türgenleşigini geçýän oglanjyk şekillendirilipdir.

Şol bir wagtda, bu gezekki Çagalar gününiň öňüsyrasynda türkmenistanly çagalaryň 150-den gowragynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna saglygyny bejertmek mümkinçiligine eýe bolandygy habar berildi. Şeýle habarlar mundan öňki ýyllarda hem berilýärdi. Ýöne ýurtda durmuşyň we saglyk hyzmatlarynyň barha gymmatlamagynyň arasynda, bu ýyl agyr keselli çagalaryň näçe göteriminiň döwlet kömeginden peýdalanyp bilýändigini sorag astyna alyp, sosial mediada wideo çap eden raýatlar hem boldy.

Türkmenistanda çagalaryň goragy diýlende, ozaly ýurduň çaga ölümi babatyndaky biabraýçylygy ýada düşýär.Sowet ýyllarynda çaga ölümi boýunça iň agyr ýagdaýdaky respublikalaryň biri bolan ýurtda, resmi maglumatlara görä, 1990-2016-njy ýyllar aralygynda çaga ölümi meselesindäki ýagdaý gowulaşyp, ozal diri doglan her 1000 çaganyň 70-isi ýogalan bolsa, soňra ölýän çagalaryň 43-e çenli azalypdyr.

Emma bu görkezijiniň näderejede ygtybarlydygy belli däl we, Türkmenistanda dowam edýän ýapyklyk sebäpli, Azatlygyň žurnalistleri doly we anyk maglumatlary alyp bilmeýärler.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan 1993-nji ýylda Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýany tassyklady, 2005-nji ýylda Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň çagalaryň harby çaknyşyklarda ulanylmagyna degişli goşmaça teswirnamasyny we Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň çaga söwdasyna, çaga prostitusiýasyna we çaga pornografiýasyna degişli goşmaça teswirnamasyny tassyklady.

Kagyz ýüzünde galýan kepillikler

Türkmenistan çagalar üçin sagdyn ýaşaýyş gurşawyny, olaryň talabalaýyk idegini we zähmet ekspluatasiýasyndan goraglylygyny kepillendirjek kanunçylygy kämilleşdirip, “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakyndaky” kanuny kabul etdi.

Emma ýerli synçylar bu kanunlaryň esasan kagyz ýüzünde galýandygyny, ejesi ýa kakasy daşary ýurtlarda, başga şäherlerde ýa uzakda işleýän, ene-atasy aýrylyşan çagalaryň arasynda agyr ýagdaýa düşýänleriň köpelýändigini, emma häkimiýetleriň bu ýagdaýy açyk ara alyp maslahatlaşmakdan saklanýandygyny öňe sürýärler.

Azatlygyň ýerlerdäki habarçylary ýurtda çagalaryň goragy bilen bagly ýagdaýlary aýdyňlaşdyrmak üçin dürli ýaşdaky we işdäki raýatlar bilen söhbetdeş bolup, çagalaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň azalmaýandygyny, iň esasy kynçylygyň ýurtdaky garyplyk bilen baglydygyny habar berdiler.

“Çagalaryň bagtly bolmagy üçin ozaly olaryň ene-atalarynyň kadaly gün-güzerany ýa-da gazanjy bolmaly” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy. Onuň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda garyplyk derejesinde ýaşaýan adam “gaty köp we olar köplenç her aýda berilýän azyk paýogyna garaşyp ýaşaýar”.

“Öz mysalymda aýdaýyn, ýurduň günbatarynda býujet edarasyndan alýan aýlygynyň hasabyna ýaşaýan adamlaryň aglaba köplüginiň Türkmenbaşydaky bazarlardan çagalaryna gök, bakja önümlerini, miwe satyn alyp bilmeýändigini görüp, bilip ýörün, sebäbi 1500-2000 manat möçberindäki aýlyk maşgaladaky agşam naharyna zordan ýetýär” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Türkmenbaşynyň bazarlarynda şu günler kilogramy 15 manat bolan garpyz, kilosy degişlilikde 30, 60 manat bolan apelsin ýaly önümler çagalaryň dişine Täze ýyl ýaly uly baýramçylyklarda degse hem zor boldugy, iki hepdede bir gezek etli nahar iýmek uly toý’ boldy diýip, ýerli ýaşaýjy türkmenabaşyly çagalaryň ýagdaýyny gürrüň berdi.

Türkmenbaşyda maşgala eklenjine kömek üçin zibil çeleklerinden plastmassa gap, kagyz çöpleýän, bazarlarda araba sürmek, awtoýuwalgalarda maşyn ýuwmak bilen meşgullanýan, dilegçilik edýän çagalaryň köpelmese, azalmaýar diýip, söhbetdeşimiz sözüniň üstüni ýetirdi.

Habarçylarymyz bilen gürleşen ýaşaýjylaryň sözlerine görä, şu ýyl ýurduň Awazadaky, Gökderedäki çagalar sagaldyş dynç alyş merkezleriniň tölegleri hem, geçen ýyl bilen deňeşdirende, 4 esse ýokarlanyp, 500 manat bolanlygyndan 2000 manada çykdy.

Aýdylmagyna görä, ýurtdaky çagalar dynç alyş merkezleri diňe özüni oňarýan emeldarlaryň’ çagalary we agtyklary üçin gurlana meňzeýär, ýurduň mekdeplerinde okaýan çagalaryň köpüsi bu bagtdan mahrum’.

Bu pikiri Lebap sebitindäki habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjy hem tassyklady.

"Dynç alyş lagerleri köplenç jogäpker wezipelerde işleýan adamlaryň çagalaryna hyzmat edýär.Putýowkalar esasan täsirli adamlaryň çagalaryna berilýär.Olaryň içinde Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň çagalary has köp putýowka alýar diýsem, ýalňyş bolmaz. Çagaňy lagere iberjek bolsaň, hemişe ýer ýok, lager doly’ diýýärler.

Täsirli adamlar, gerek bolsa para berip, çagalaryny lagere iberip bilýärler, beýlekileriň çagalaryna diňe tomus aýlarynda däl, ýylyň dowamynda hem gezelenç etmek, dynç almak mümkinçiligi döremeýär” diýip, lebaply söhbetdeşimiz aýtdy.

Çagalaryň durumyny olaryň ene-atalarynyň 'agramy' kesgitleýär

Ene-atalaryň käbiriniň hasaplamalaryna görä, Türkmenistanda çagalar dynç alyş merkezlerinde dynç alyp bilýän çagalaryň sany ýurtdaky çagalaryň umumy sany bilen deňeşdirilende örän az bolmagynda galýar.

“Aýdaly, orta mekdeplerde ortaça 800 müň okuwçy bar diýip hasaplasak, olaryň 16 ýaşyna ýetmedikleri 600 müň çemesi bolsa, dynç alyş merkezleri bir tapgyrda 1500 çagany kabul eden ýagdaýynda, 5 tapgyrda 8 müň çemesi çaga dynç alýar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Aýdylmagyna görä, býujet edaralarynyň işgärlerinden barmadyk, görmedik dynç alyş öýleri üçin pul çöplenişi ýaly, mekdep mugallymlaryndan pul çöpläp, dynç almaga çaga ugratmagyň deregine pul ugradylýan halatlary hem bolýar. Emma bu aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda barlamak mümkinçiligi bolmady.

Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar diňe çagalaryň wagtly-wagtynda dogry-düzüw naharlanmagyna, tomus aýlarynda döreýän dynç almak mümkinçiliklerinden peýdalanmagyna däl, eýsem döwrebap bilim almagyna hem gaty ýaramaz täsir edýär’ diýip, synçylar aýdýar.

Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar biri-birinden habarsyz şol bir ýagdaýy bilim edaralaryndaky parahorlugyň “açyk syrdygyny” tassyklaýar.

Çagalaryň döwrebap bilim almak mümkinçiligi köplenç ýagdaýda olaryň gatnaýan çagalar baglaryndaky, okaýan mekdeplerindäki paranyň möçberi bilen kesgitlenýär; Türkmenbaşydaky 3-nji, 10-njy, 13-nji, 15-nji mekdeplerde daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylan görnüşde okadylansoň, olarda esasan sebitiň uly wezipeli işgärleriniň, milli howupsuzlyk gullugynyň, prokuraturanyň, polisiýa bölümleriniň ofiserleriniň çagalary okaýar.

Bu meselede pikirini paýlaşan ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, bu ýagdaý diňe garyp maşgalalaryň çagalarynyň bilim almak mümkinçiligine däl, eýsem ruhy saglygyna, psihologiýasyna hem gaty ýaramaz täsir edýär.

Metbugat näme diýýär, durmuş nämäni görkezýär?

"Ýurtda baý ýa gurply diýilýän maşgalalar bilen garyp maşgalalaryň arasyndaky tapawut ýyl-ýyldan ulalýar, emma häkimiýetler bu meselä bolmaly zat ýaly seredýärler.Garyp maşgalalarda ýetişýän çagalar “meniň ene-atam emeldar ýa howpsuzlyk işgäri däl, biz pes derejeli maşgala” diýip, kemsinip ýaşaýarlar” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň pikiriçe, bu meseläniň metbugatda agzalmazlygy, häkimiýetleriň il arasyndaky deňlik, sosial adalatlylyk meselelerine baş galdyrmazlygy jogapkär wezipeleri eýelän adamlaryň bikanun baýamagyna, olara para bermäge mejbur bolýan mätäç köplügiň bolsa ýyl-ýyldan garyp düşmegine getirýär.

Türkmen metbugaty ýakynda 150-den gowrak çaganyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna saglygyny bejertmek mümkinçiligine eýe bolandygyny habar berdi. Emma ýaşaýjylar bu hili kömegiň juda az adama ýetirdýändigini aýdýarlar.

“Golaýda bir dostum 2-nji klasda okaýan näsag gyzyny Aşgabada äkidip, ýüregini operasiýa etdirdi. Ol bu operasiýa üçin döwlete 230 müň manat tölemeli boldy. Dostumyň gürrüň bermegine görä, döwlet näsag çagalaryň hassahanada bolan wagty üçin pul almaýar, ýöne dermanlaryň ählisi, hirurg lukmanlaryň işleri tölegli.”

Radionyň söhbetdeşiniň aýtmagyna görä, ylmy klinikalarda işleýän türkmen hirurglary çylşyrymly operasiýalary gönümel öz üstlerine almaýarlar, agyr operasiýalar daşary ýurtly lukmanlaryň gatnaşmagyna geçirilýär.

“Şu sebäpden, saglyk meselesi bolan çagalaryň ýagdaýy öwerlik däl... Näsag çaganyň ene-atasy garyp bolsa, ýa öýüni satmaly, ýa dogan-garyndaşlaryndan pul ýygnap, bergä batmaly, ýogsa-da çaga ölüp gitmeli, bu şeýle hem bolýar” diýip, Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy Azatlygyň ýerli habarçysyna aýtdy.

Bu aýdylýanlary beýleki sebitleriň birinde ýaşaýan söhbetdeşimiz hem tassyk etdi. Onuň sözlerine görä, hassahanada ýatyp, tölegli bejergi alýan çagalar mugt nahar bilen üpjün edilmeýär, hatda lukmanyň ýazgysy boýunça ýeňillikli bahadan goýberilýän dermanlary hem wagtynda we doly alyp bolmaýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň biri türkmen hökümetiniň häzirki ykdysady kynçylyklary, pes girdejili maşgalalaryň aşa köpelmegini nazara alyp, çagalary mekdepde mugt naharlamak meselesine haýal etmän seretmelidigini aýtdy.

Ýewropada ýaşaýan türkmen synçysynyň Azatlyk bilen söhbetdeşlikde bellemegine görä, Türkmenistandan Owganystanyň, Pakistanyň üsti bilen çekiljek gaz turbasyna garaşýan Hindistan, ilat sanynyň juda uludygyna garamazdan, 140 million çemesi okuwçyny, Russiýa ýaly uly ýurduň tutuş ilat sanyna golaý çagany mekdeplerde mugt naharlaýar, eger islese, Aşgabatdaky hökümet hem bu meseläni aňsat çözüp bilerdi.

Çagalary mekdeplerde mugt ýa ýeňillikli bahadan naharlamak meselesi, radionyň söhbetdeşiniň pikiriçe, öňki SSSR-iň ýurtlarynyň ählisinde Türkmenistandakydan gowy çözülen we, eger-de bilse, nebit-gaza baý Aşgabat bu ýagdaýdan gaty utanmaly.

Mekdeplerde çagalara mugt nahar berilmegi baradaky meseläniň çözülmegi, Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň pikirine görä, diňe hökümet üçin abraý bolman, on müňlerçe maşgala üçin uly kömek bolardy.

“Tomus kanikulynda kemmagal maşgalalaryň bazarlarda ýüzärlik tüdedip ýören çagalaryny görmeýän ýok; “Daýy, bir manat beräý” diýip, el serýän çagalaryň sesini eşitmeýän ýok” diýip, radionyň bir söhbetdeşi Türkmenistandaky çagalaryň goragynyň soňky on ýylda has pese gaçandygyny öňe sürdi.

"Ýokarky synplarda okaýan çagalar bazarlarda taçka sürüp, ýük daşap, gazanç edýärler.Olar näme üçin ýaşlykdan şeýle agyr, az gazançly işlere baş goşýar?Elbetde, bu soragyň jogabyny bilmeýän ýok: olaryň ene-atalary işsiz, käbiriniň kakasy ýok...

Diňe ejesi ýa garry enesi, atasy bilen galan çagalar hem bar.Muny hemme kişi bilýär, hökümet näme üçin bilmeýär?” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran söhbetdeşimiz aýtdy.

Türkmen metbugaty soňky ýyllarda ýurduň paýtagtynda we sebitlerinde gür bagly seýilgähleriň, döwrebap çagalar meýdançalarynyň gurlandygyny aýdýar. Emma ýerlerde, hususan-da Lebap sebitinde dynç alyş ýerleriniň örän azdygy habar berilýär.

“Seýilgählerdäki enjamlar günüň dowamynda 3 sagat, agşam sagat 18.00-dan 21.00-a çenli işleýär.Arada çagamy alyp, parka bardym.Her enjamyň gapdalynda onlarça çaga nobata garaşyp dur.

Men hem nobata durdum. 30 minutdan nobat ýetdi.Iki gezek nobata durup, çagamyň göwnüni awladym, ýöne indi gelmen’ diýip gaýtdym.Diňe men däl, parka baranlaryň ählisi nerwniçit edip gaýdýar” diýip, Azatlygyň lebaply söhbetdeşi bu ýagdaýyň ýyllar boýy üýtgemeýändigini nygtady.

Onuň tassyklamagyna görä, parklar diňe üç sagat işleýär, gündizlerine, “şäherli ýa obadan gelen ene-atalar çagalaryny bahanalap, bu ýerde aýlanyp ýörmesin, işleri bilen bolsun” diýip, sagat 18-e çenli ýapyk bolýar.

Synçylaryň käbiri şäher çagalarynyň, obalardaky çagalara garanda, salkyn seýilgählerde, çagalar meýdançalarynda azda bolsa dynç alyp bilýändigini belleýärler.

“Obalardaky çagalaryň köpüsi tas hiç zat görmän, öý, mekdep arasynda gatnap, meýdan ýa hojalyk işleri bilen gümra bolup ulalýar. Şu sebäpden köp çaganyň gözýetimi giňemeýär, düşünjesi pes...Olar biziň gelejegimiz ahyryn” diýip, söhbetdeşlerimiziň biri Aşgabatda we onuň töwereginde ýaşaýan çagalaryň goragynyň sebitlerdäki çagalaryň goragyndan has ileri tutulýandygyny aýdyp, öz nägileligini bildirdi.

Ol bu hili deňsizligiň, paýtagtdaky çagalar bilen sebitlerdäki çagalary ala tutmagyň saglyk hyzmatlaryndaky töleg meselesinde hem saklanyp galýandygyny, beýle ýagdaýyň gaza baý ýurda gelişmeýändigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

2023: Ilatyň iş, durmuş goraglylygy ýene bir ýyl gowulaşmady
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy
Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna, häzire çenli jemi 260 operasiýa geçirildi
Türkmenistan Palestina Ynsanperwer Kömegini Ugratdy
Häkimiýetler ilata prezidentiň portreti we beýlekiler üçin bikanun salgyt salmagyny 'güýçlendirýär'
Sport teleýaýlymy Merwiň we Altyn asyryň AFK kubogyndaky oýunlaryny göni ýaýlymda görkezer, türkmenistanly zehinler Delfi oýunlaryna gatnaşarlar, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Aşgabat şäherine geldi we beýleki habarlar