Bagtyýar çagalygyň mekany hasaplanýan meşhur Gökdere jülgesi jana şypaly arassa howasy, gaýtalanmajak tebigat gözellikleri bilen has-da tapawutlanýar. Gojaman daglar, salkyn jülge, towlanyp akýan çeşme behişdi mekana öwrülen bu ýerde Gökderäniň aýdymyny dillerine sena edinen çagalar özleriniň iň bir gyzykly, şadyýan pursatlaryny başdan geçirýärler.
Gökdere jülgesinde ýaş nesliň oňat dynç almaklary üçin ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilen birnäçe çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Dynç alyş merkezleriniň guraýan çärelerinde çagalar topar bolup işlemegi we her bir işde birek-biregi goldamagy öwrenýärler.
Medeniýet we sungat işgärleri, şol sanda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň, Gurjak teatrynyň, Sirk artistleriniň ussatlary hem çagalaryň arasynda ýygy-ýygydan bolup, özleriniň terbiýeçilik ähmiýetli, watansöýüjilik duýgularyna ýugrulan ajaýyp sahna oýunlaryny görkezýärlär.
Gökdere jülgesindäki çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde geçirilýän döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary we guralýan dürli kitaplar boýunça çeper okaýyşlar dag jülgesindäki bu sapaly merkezlerde bagtyýar çagalaryň oňat dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyň subut edýär.