Bagtyýar çagalar Watanymyzyň geljegi

Bagtyýar çagalar Watanymyzyň geljegi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Bagtyýar çagalar Watanymyzyň geljegi ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri, çagalaryň erkana ösüp, kemala gelmekleri, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli amatly şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli guralan göçme kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary, şeýle-de türkmen halk ertekileri ýerleşdirildi we ertekileriň gahrymanlarynyň keşpleri janlandyryldy. Geçirilen baýramçylyk çäresi çagalarda has-da uly täsir galdyrandygy barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiziň kitaby ýapon dilinde neşir edildi
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL SAMMITINE GATNAŞDY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim ulgamy boýunça resminamalara gol çekildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Garagumda täze sport ulagyny dolandyryp, synagdan geçirdi
Ykdysady ösüşler abadançylygyň kepili