Bagtyýar çagalar ertirki günümize ynamymyzdyr

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Döwlet adam üçindir! diýen baş ýörelgäni üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň döwrebap derejede terbiýelenmegi hem-de kemala gelmegi ugrunda uly tagallalar edýär.

Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly, gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy bolan bagtyýar çagalar berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesillerimizdir. Şonuň üçin olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi ugrunda hemişe alada edilýär. Ýurdumyzda çagalaryň her biri alada bilen gurşalandyr.

Diýarymyzda çagalaryň beden we ruhy taýdan doly derejede ösmegi ugrunda ähli şertleri üpjün etmek, olaryň başarnyklaryny we zehinlerini açmak üçin sagdyn durmuş gurşawyny döretmek üstünlikli durmuşa geçirilen döwlet wezipesidir. Ýurdumyzdaky häzirki ähli okuw maksatnamalary, durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri bilime, saglygy goraýşa, sporta we beýlekileriň ösdürilmegine berilýän ägirt uly döwlet maýa goýumlarynyň hut şu işlere gönükdirilendigini görkezýär.

Ine, şu nukdaýnazardan ýaş nesilleriň döwrebap ýetişmegi üçin ýurdumyzda Altyn nesil atly çagalar guramasyny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. 7-14 ýaşly mekdep okuwçylaryny özünde birleşdirjek bu gurama döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň zehinlerini açyp görkezmegi üçin zerur şertleri üpjün etmek hem-de höweslendirmek maksady bilen döredilýär.

Bagtyýar çagalar biziň ertirki günümize ynamymyzdyr, kuwwatymyzdyr, şöhratymyzdyr diýip, belleýän milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem çagalaryň döwrebap bilim almagy hem-de olary yzygiderli sporta çekmek esasynda berk bedenli bolup ýetişmegini gazanmakdan ybaratdyr.

Munuň üçin ýurdumyzda ajaýyp şertler döredildi.Bilim ulgamy barada aýdylanda milli Liderimiz bu ugruň hemişe yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.Golaýda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda eden çykyşynda bilim ulgamyndaky kanunçylyk namalarynyň yzygiderli berkidilip durulmagynyň talabalaýyk boljakdygyny belläp geçdi.

Çagalarda sagdyn durmuş ýörelgelerine we sporta bolan söýgini döretmekde ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin welosiped ýörişleri uly ähmiýete eýedir. 3-nji iýunda ýurdumyzda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilýär. Munuň özi ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine çekilmegine mynasyp goşantdyr.

Türkmenistan bagtyýar çagalygyň hem-de iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurdudyr. Munuň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar çagalygy üpjün etmekdäki taýsyz tagallalary bar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasy taglymaty bilen terbiýelenýän bagtyýar körpeler geljekde ýurdumyzy dolandyrjak nesillerdir. Şonuň üçin olaryň berk bedenli, sagdyn pikirli, ylymly-bilimli bolup ýetişmegi üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Tawus HOJANEPESOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

The post Bagtyýar çagalar ertirki günümize ynamymyzdyr appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Daýhan yhlasly toprak bereketli
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Ýylyň iň gowy ykdysadyýetleri
Dil öwrenmek dünýäni öwrenmek
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Balkan welaýatynyň dokmaçy zenanlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi