“Bagtyýar çagalaň ýurdy”

“Bagtyýar çagalaň ýurdy”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Çynar” çagalar dynç alyş merkezinde “Bagtyýar çagalaň ýurdy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe körpeleriň gowy dynç alyp, wagtlaryny gyzykly geçirmekleri, üçin uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň çar ýanynda, obadyr şäherlerinde ulanylmaga berlen sagaldyş we dynç alyş merkezleri bu günki gün çagalara gapylaryny giňden açdy.

Birek-birek bilen dostlaşyp, ýakyndan tanşyp wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Çagalaryň dynç alyş merkezlerinde aýratyn üns alada bilen gurşalýanlygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowany 70 ýaş ýubileýi bilen gutlady
Bogun Agyrysynyň Bejergisi
Gurbanguly Berdimuhamedow Çynar Rüstemowanyň diplomatik tejribesine ýokary baha berdi
Britaniýada Robin Guduň agajyny çapanlara aýyplama bildirildi
Türkmenistan ÝUNESKO MOWCAP-yň 10-njy mejlisine gatnaşýar
TÜRKSOÝ-nyň başlyklygy resmi taýdan Türkmenistana geçirildi
Türkmenistana TÜRKSOÝ-da Uly Wezipe