Bagtly bolmagyň Skandinaw usuly

Kanagatly ýaşamak ruhy taýdan rahat ýaşamaga sebäp bolýar. Şwedleriň ýaşaýyş endikleri muny dolulygyna subut edýär.Iň bagtly Skandinaw ýurtlarynyň biri bolan Şwesiýanyň bu aýratynlygynyň özeninde bolsa, lagom pelsepesi ýatyr.

Deňagramly, sazlaşykly, owadan, kanagatly we başgalary hem göz öňünde tutup ýaşamaga esaslanýan bu pelsepe Skandinaw ýurdunyň ähli ulgamlaryna ýerleşipdir. Ýazyjy zenan Elizabet Karlssonyň Lagom kitabynda görä bu pelsepäniň öňe çykýan taraplary şulardyr:

Özüňizden soraň: Bu maňa ýeterlikmi? Has gowusy bolup bilermi? Ýeterlik ýaşamaga üns beriň!

Nahal ekiň, olary ösdürip ýetişdiriň! Agajyň ösüşine syn ediň, bu uzak wagtlap şatlyk berer.

Içki deňagramlylygy dikeltmäge kömek edýän işler üçin wagt sarp ediň. Size şatlyk getirýän zatlar bilen meşgullanyň.

Haýyr-sahawat işine ýa-da meýletinçilik işlerine gatnaşyň. Mysal üçin, uly ýaşly adamlar üçin çaý içişlik gurap, olara öýde bişirilen gutapjyklary hödür edip bilersiňiz.

Hepdäniň içinde we dynç günleri meýilleşdirilýän meseleleriň sanyny azaldyň! Deňagramlylygy we ýokary hilli maşgala aragatnaşygyny dikeltmek üçin bir gün aýryň.

17:30-da işden çykmaýan bolsaňyz, adatdakysyndan birneme ir gitmäge synanyşyň! Işiň belli bir wagtda tamamlanmalydygyny bilmek, has netijeli işlemäge kömek eder.

Gowy dynç almak netijeliligiň we stresiň peselmeginiň açarydyr. Wagtynda ýatmaga we adatdakysyndan birneme ir turmaga synanyşyň. Irden goşmaça ýarym sagat size özüňize ynam duýgusyny berer.

Gök önümleriň guramagyna ýol bermäň. Salat ýapraklaryny we ýaşyl ýaprakly gök önümleri ýuwup, howa geçirmeýän plastik torba salmak we gök önümler bölüminde saklamak arkaly terligini goramak mümkin.

Möwsümleýin we ýerli önümleri satyn alyň! Haýsy miweleriň we gök önümleriň bardygyny biliň we möwsüme görä bişiriň!

Naharlaryňyzy bir hepde öňünden meýilleşdirmek azyk galyndylaryny azaldar. Ýönekeý naharlary hepdäniň dowamynda bişiriň. Çylşyrymly naharlary bolsa dynç günlerine goýup bilersiňiz.

Birnäçe aýlap, hepdede bir gezek her otagdan bir zady aýyryň – ýagdaýyňyzyň gowulaşandygyny görersiňiz. Öýde näçe az zat bolsa, sizi hakykatdanam gyzyklandyrýan çärelere şonça köp wagt sarp edýär.

Täze bir zat satyn alsaňyz, diňe owadanlygyna däl, peýdasyna we hiline üns beriň. El bilen ýasalan zatlary gözläň, söwda ýarmarkalaryna gatnaşyň, suratkeşler we dizaýnerler bilen duşuşyň!

Tebigaty öýüňize çagyryň! Bezegiňizde tebigy ekologiýa taýdan arassa materiallary – agaç, ýüň, metal ulanyň!

Her kimiň dynç almak, işlemek we işjeň hereket etmek üçin wagty bolmaly. Bedene we jana hakyky peýda getirjek hereketleri etmegiň ýoluny tapyň!

Deňagramlylygy gözläň! Durmuş hemişe birsydyrgyn bolmaýar. Has köp işlemeli günleriňiz bar we bu hakda edip biljek zadyňyz ýok. Beýleki günlerde türgenleşmäge wagtyňyz bolar.

Tebigy kosmetika serişdelerini az mukdarda ulanyň. Deriňize ideg etmek hakykatdanam ýönekeý sagdyn iýmit, dynç alyş we arassa howa.

Indiki gezek jedel edeniňizde yza çekilmäge synanyşyň we ylalaşyk tapyň! Dürli pikirli adamlar dünýäde bilelikde ýaşap bilerler.

Zibilleri gaýtadan işlemäge üns beriň! Has gowusy, hiç zat zyňmaz ýaly gaby az bolan önümleri satyn alyň!

The post Bagtly bolmagyň Skandinaw usuly appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Şwed Şasy we Aýaly Koronawirusa Ýolukdy
Alymlar ýowuz eýýamyň golaýlaýandygyny duýdurýarlar
Soňky 146 ýyldaky iň maýyl ýyl
Näme üçin Täze ýylda arça bezelýär?
Sagdyn durmuş ýörelgesi — her bir raýatymyzyň saglyk berkligi
Sagdyn durmuş ýörelgesi her bir raýatymyzyň saglyk berkligi