Bagtdan paýly zenanlar atly sergi

Bagtdan paýly zenanlar atly sergi

Pasyllaryň soltany hasaplanylýan bahar paslynyň gelmegi bilen gözel tebigatymyz ajaýyp görnüşe eýe bolýar.Türkmen sährasy gül gunçalara bürenip gülzarlyga öwrülýär. Şahyrlaryň bahar, söýgi hakynda ýazan şygyrlary ýaly waspy joşgun bilen ýaňlanýan ýaz aýynyň gelmegi bütin adamlaryň kalbyny uly şatlyk bilen gurşap alýar.

Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her ýylda bolşy ýaly baharyň ilkinji baýramy bolan Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart gelin-gyzlarymyzyň, kümüş saçly enelerimiziň ajaýyp baýramy uly dabara bilen Watanymyzda uly ruhubelentlik, belent buýsanç bilen bellenip geçilýär.

Bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň ähli zenanlaryna, enelerimize we gelin-gyzlarymyza Hormatly Prezidentimiziň sowgatlary gowşurylyp, bahar gözelligi bilen baýramçylygyň şowhunyny her bir adamda uly şowhun döredýär. Şeýle ajaýyp baýram mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Bagtdan paýly zenanlar atly ajaýyp sergi gurnaldy.

Bu sergide ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň şeýle-de heýkeltaraşlarynyň we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň ýerine ýetiren owadan eserleri tomaşaçylara uly täsirini ýetirýär.Eserleriň arasynda halypa we şägirt ussatlarynyň sungat gözellikleri görkezilip, olardan Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň “Halyçy zenan”, Ýewgeniýa Adamowanyň “Ene-bagt”, Ýuliýa Daneşwaryň “El işiniň başynda” we Rahman Umarowyň “Güneş”, “Törebeg hanym”, Merdan Kakabaýewiň “Bägüller”, Gülşat Annamyradowanyň “Gülälekler”, Şemşat Mämmedowanyň “Natýurmort” şeýle hem amaly-haşam ussatlaryndan Aýna Patarowanyň ýüzi şekilli owadan keçesi, Aýa Serhenowanyň “Türkmen baýlygy” atly eserleri, Çaryýewa Aýjemalyň ajaýyp zergär önümleri we heýkeltaraşlardan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Orazmyrat Gurbanowyň ajaýyp heýkel eserleri we keramikaçy zenan Gülara Babaýewanyň häzirki döwrümiziň özboluşly bezeginde ýerine ýetiren gözel zenanlarymyza bagyşlap gyzlaryň owadan keşbini özüniň keramika eserinde görkezipdir.

Bu eserlerimiziň arasynda suratkeş Rahman Umarowyň “Güneş” atly eserinde bagyň saýasynda dyzyny epip oturan türkmen zenanyny suratlandyrypdyr.Eserde şekillendirilen türkmen gözeliniň gözünde juwanlyk joşguny uçganaklap duran zenanda baharyň sazlaşygy günüň röwşen öwüşgüni ajaýyp görnüşe eýe bolup tomaşaça öz täsirini ýetirýär.

Bu sergide öz eserleri bilen çykyş edýän zenan sungat ussatlarymyza döreden eserlerine hormat hökmünde baýramçylyk sowgatlary hem gowşurylar. Şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag işleri rowaç bolsun.

Türkmenistan Watanymyz gülläp gül açsyn, bahar ýaly gözel zenanlarymyzyň, enelerimiziň we gelin-gyzlarymyzyň bahar baýramlary gutly bolsun!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanly samboçylar 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar
Türkmen samboçylary Gazagystanda geçirilen dünýä birinjiliginde 6 medal gazandylar
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden Aşgabat şäheriniň Neşirýat-Çaphana orta hünär okuw mekdebinde guralan sergi
Milli žiwopis mekdebiniň ussatlary: Aýhan Hajyýew
Milli nakgaşlyk mekdebiniň halypalary: Ýewgeniýa Adamowa