Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň hepdeligi

Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň hepdeligi

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň çäginde kafedranyň mugallymlary we talyplary gatnaşmagynda birnäçe konsert dabaralary we duşuşyklar geçirildi.

Geçirilen çäreleriň arasynda hepdeligiň açylyşy, konserwatoriýasynyň professory Ýolaman Nurymowyň kafedranyň mugallymlary bilen bilelikdäki döredijilik duşuşygy has-da ýatda galyjy çärelerden boldy.Döredijilik duşuşygynda kafedranyň müdiri Garýagdy Saryýew hem-de Türkmenistanyň halk we at gazanan ussat bagşy mugallymlary Şemşat Hojaýewa, Rejepdurdy Begenjow, Kerwen Ýowbasarow, Merdan Baýramow hem-de Mähri Hojaýewa dagylar talyplar bilen pikir alyşdylar. Çäräniň esasy maksady Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen baglanşykly boldy.

Söhbetdeşlikleriň dowamy akyldar şahyryň goşgularyna döredilen halk we nusgawy aýdymlar bilen sepleşdi.

Hepdeligiň çäginde geçirilen çärelerden ýatda galyjylarynyň hatarynda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarowyň Türkmen halk aýdymlaryndaky köne sözler, ýerine ýetirilişi we manysy ussatlyk sapagy we kafedranyň uly mugallymlary, Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewa hem-de Altyn Asyr bäsleşiginiň ýeňijisi Mähri Hojaýewanyň bagşy talyp gyzlarynyň ansambly bilen bilelikde Söz içinde gelin gyz hem bolmasa atly duşuşyk konsertini, Çalsana bagşy bäsleşiginiň ýeňiji zehinli bagşy talyplary we mugallymlar bilelikde Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar we ýerine ýetiriliş aýratynlyklary atly konsertlerini bellemek bolar.

Umuman geçen hepdeligiň konsertleri we döredijilik duşuşyklary bu ugurda bilim alýan ýaşlaryň bilimleriniň ýokarlanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirer diýip pikir edýäris.

Türkmen aýdym-saz sungatyny ösüşlere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Ýene degişli makalalar

Hally bagşynyň doglan gününiň 165-ýyllygy
Magtymguly, waspyň dillerde dessan
Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar
Taryhda yz goýjak ajap döwrüm bar, Döwüri wasp edýän aýdym, şygrym bar
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Huseýin Awni Byçakly konserwatoriýada myhmançylykda bolmagy
Dünýä teatry saz sungatynda atly filarmoniki lektorçylyk dersi boýunça açyk sapagy