Bagşy Gurbandurdy Öwezowyň 60 ýaş ýubileýi bellenildi

Bagşy Gurbandurdy Öwezowyň 60 ýaş ýubileýi bellenildi

Türkmenabat şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň halk bagşysy, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň halypa mugallymy Gurbandurdy Öwezowyň doglan gününiň 60 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi.

Dabaranyň dowamynda bagşynyň dürli ýyllarda döredilen aýdym-saz eserleri hem ýerine ýetirildi. Halypanyň dürli ýyllarda döreden Jeýhun, Nowjuwan (sözleri Annagözel Ýagşyýewanyňky), Mukam (sözleri Kerim Annagulyýewiňki), Mahmal gije (sözleri Ýaban Saparowyňky), Arkadagly Serdar bilen (sözleri Halyk Jumadowyňky) ýaly aýdymlaryny welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary ýerine ýetirdiler.

Ýene degişli makalalar

Konstitusion özgertmeler döwrüň talabydyr
Edebiň ýagşysy - ulyny syla
Halypa bagşy Akjagül Myradowanyň doglan gününiň 100-ýyllygy mynasybetli geçirilen dabara
Halypalaryň mekdebi halkyň ruhy mirasydyr atly ýatlama çäresi
ÇUWAL BAGŞY ADYN ALAN BAGŞY SEN
MIRASYM MILLI HAZYNAM