Baglar ukynyň hiline täsir edýär

Awstraliýaly alymlaryň geçiren seljermelerine görä, jaýyň töweregindäki gök öwüsýän baglaryň mukdarynyň ukynyň hiline täsir edýändigi mälim edildi.Daş-töweregi bag-bakjaly bolan adamlaryň ukusyny has gowy alýandygy anyklanyldy.Alymlaryň bellemegine görä, ýaşyl zolaklar ýaşaýyş ýerindäki sesleri we howanyň hapalanmagyny azaldýar.

Mundan başga-da, yssy möwsümde howanyň salkyn bolmagyna täsir edip, otagyň bölekleýin garaňky bolmagyna mümkinçilik berýär.Şeýle hem tebigat bilen aragatnaşyk adamlaryň şähdini açyp, psihologiki ýagdaýyny gowulandyrýar.Awstraliýaly alymlaryň uzak wagtlap amala aşyran ylmy-barlaglarynyň netijesine laýyklykda, 1,6 kilometre uzap gidýän ýaşyl giňişlikde ýaşaýan adamlarda ukusyzlyk howpunyň ýokdugy mälim edildi.

Aýgül ÇARYÝEWA,S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Durmuşda goýberilýän ýalňyşlyklar
Dehistanyň gündogar kerwensaraýy
Gözel Sumbaryň nary
Dokma önümleriniň hyrydary köpelýär
Ulag we Senagat toplumlaryndaky ösüşler
Türkmen ykdysadyýetiniň senagat ugry ösýär