Bageri Kani: Orsýetiň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen geçirilen duşuşyk oňyn we netijeli boldy

Bageri Kani: Orsýetiň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen geçirilen duşuşyk oňyn we netijeli boldy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň syýasy orunbasary Orsýetiň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen oňyn we netijeli duşuşygyň geçirilendigini habar berdi.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň syýasy orunbasary "Ali Bageri Kani" internet giňişliginde şeýle ýazypdyr: Orsýetiň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow bilen oňyn we netijeli duşuşykda soňky wakalary gözden geçirdik we bikanun we eziji sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikler barada pikir alyşdyk.

"Bageri Kani" sözüni dowam etdirip, Umumy pozisiýalary berkitmek üçin dürli derejedäki geňeşmelerimizi dowam etdirmek kararyna gelindi diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Moskwa eden saparynda rus kärdeşi Sergeý Rýabkow we esasy ýadro gepleşikçisi, şeýle hem Orsýetiň Daşary işler ministriniň orunbasary we Orsýetiň prezidentiniň Günbatar we Demirgazyk Afrika boýunça ýörite wekili Mihail Bogdanow bilen duşuşdy.

Ali Bageri Kani bu iki günlük saparyndan soň anna güni Moskwadan Tährana gitdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Hamasyň Syýasy Lideri Heniýýeniň Janyna Kast Edilmegine Garşylyk Görkezdi
Ispaniýanyň ikinji çempionlygy
Russiýaly ussat pianinoçy Ýuriý Bogdanow Aşgabatda çykyş etdi
09.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy
Sportuň taryhynda şu gün 18-nji awgust
Russiýa Katar bilen syýahatçylyk gatnawlaryny täzeden başlaýar